Wagyz üçin teklipler
«Adamlar käwagt ýagşylyk etseler-de, ýöne köplenç olaryň edýän ýaman işlerini aýtmaga diliňem baranok. Näme üçin şeýlekä? [Jogap bersin]. Mukaddes Ýazgylar muňa jogap berýär. Şeýle-de ýagşylygyň ýamanlykdan nädip üstün çykjakdygyny düşündirýär». Rimliler 16:20-ni oka.
«Siziň pikiriňizçe, ýene-de 20-30 ýyldan dünýä nähili bolarka? [Jogap bersin. Soňra Zebur 119:105-i okap ber]. Mukaddes Ýazgylar ýolumyza nur saçýar hem-de gelejekde bize nämä garaşýandygyny aýdýar. Şeýle-de onuň pygamberlikleri biziň adamzat taryhynyň haýsy döwründe ýaşaýandygymyzy hem-de näme üçin ýagty gelejege umyt baglap bilýändigimizi düşündirýär».