Wagyz üçin teklipler
«Baýramçylyk günleri köpleri ýagşylyk edip, rehimdarlyk bildirmäge jan edýärler. Siziň pikiriňizçe, eger adamlar bütin ýylyň dowamynda rehimdarlyk bildirseler dünýä gowulaşmazmy?» Jogap bersin we 1 Petrus 3:8-i oka. Soňra rehimdarlygyň wajypdygyny we ony iş ýüzünde nähili görkezip bolýandygyny düşündir.
«Siziň pikiriňizçe, ölen dogan-garyndaşlarymyz ýene-de ýaşarmy? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda ölümden gutulyp bolýandygy aýdylýar». Zebur 68:20-ni oka we ölüm ýaşaýşyň soňy däl hem-de ondan gorkmaly däldigini düşündir.
«Köp adamlar Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga edýärler. Mysal üçin, olar Isanyň şägirtlerine öwreden nusgalyk dogasyny aýdýarlar (Matta 6:9, 10-njy aýatlary oka). Siz Patyşalygyň nämedigini we onuň haçan geljekdigi barada oýlanyp gördüňizmi?» Jogap bersin we Mukaddes Ýazgylarda şu barada näme diýilýändigini düşündir.
«Bütin taryhyň dowamynda aýal-gyzlar hukuklarynyň kemsidilmeginden we zorlukdan ejir çekdiler. Munuň näme sebäpdendigi barada pikir edip gördüňizmi? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda äriň aýalyna nähili garamalydygy barada näme diýilýändigine üns beriň». 1 Petrus 3:7-ni oka we Hudaý bilen Mesihiň aýal-gyzlara nähili garaýandygyny düşündir.