Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/07 sah. 1
  • Patyşalyga bolan umydy wagyz edýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Patyşalyga bolan umydy wagyz edýäris
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Gelejege bolan umydymyzy üzmäliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowa umyt bagla we batyr bol
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Umyt edip şatlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Umytda şatlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 11/07 sah. 1

Patyşalyga bolan umydy wagyz edýäris

1 Şu soňky kyn günlerde adamlaryň köpüsi umytsyz ýaşaýarlar (Efes. 2:12). Başgalar bolsa baýlyga, ynsan häkimiýetlerine, häzirki ylma we başga-da şoňa meňzeş zatlara bil baglap, akylsyzlyk edýärler. Emma biz geljege hakyky we «jan labyry ýaly ynamly hem berk» umydymyzyň bardygyna biçak begenýäris! (Ýew. 6:19).

2 Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende, ýer ýüzi jennete öwrüler. Ölen dogan-garyndaşlarymyz direler (Res. iş. 24:15). Garyplyk, adalatsyzlyk, keselçilik, garrylyk we ölüm bolmaz (Zeb. 9:18; Mat. 12:20, 21; Ylh. 21:3, 4). Ýehowanyň şu wadalary tizden berjaý bolar. Seniň üçin bu umydyň nähili täsir ediji aýratylygy bar?

3 Hoş habary wagyz edýäris. Patyşalyga bolan umydymyz barada dymmaly däl. Hudaýa we ýakynymyza bolan söýgi, Isadan görelde almaga we «garyplara Hoş Habary bildirmäge... tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga» höweslendirýär (Luka 4:18). Pawlus resul hoş habary bazar ýerlerinde we adamlaryň köp ýerinde wagyz edýärdi. Ol yhlas bilen wagyz edip, özüni gulluga bagyş etdi (Res. iş. 18:5). Onuň göreldesine eýerip, gullukda yhlasly bolsak, «dünýäniň gaýgylaryna, baýlygyň aldawçylygyna» umydymyzy gowşatmaga ýol bermeris (Mar. 4:19).

4 Adamlar Patyşalyk baradaky habara biperwaý garap, onçakly gyzyklanmasalar-da ýa-da garşylyk görkezenlerinde-de, Patyşalyga bolan umydymyzy ýitirmeris. Biz «umydymyzyň ykraryny berk saklaýarys» (Ýew. 10:22). «Hoş Habara utanmaýarys» (Rim. 1:16). Biziň berk ynamymyzy we erjelligimizi görüp, ahyry käbir adamlaryň gulak asmaklary mümkin.

5 Biz Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini, şol sebäpli dünýäniň erbetleşýändigine adamlaryň ünsüni çeksek-de, olara diňe erbet zatlar barada aýtmaýarys. Gaýta, biz Patyşalyk baradaky umyt hakynda we Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny aýdýarys. Geliň, bu hoş habary ynamly we yhlasly wagyz edeliň, çünki «umydymyzdan doly arkaýyn bolmak üçin... soňuna çenli görkezmek isleýäris» (Ýew. 6:12).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş