Täze öwrenijileri garşylyklary ýeňmäge taýýarlaň
1 Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlan we «Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýän» adamlara Şeýtan aýratyn garşylyk görkezip başlaýar (2 Tim. 3:12). Şeýle garşylyklar işdeşler, mekdep ýoldaşlary ýa-da goňşular arkaly bolup biler. Dogan-garyndaşlaryň gowy niýet bilen alada edip garşylyk görkezmegi, esasanam, täze öwrenýänler üçin kyn bolar (Mat. 10:21; Mar. 3:21).
2 Garşylygyň boljagy öňünden aýdyldy. Täze öwrenýänler Mesihiň hakyky şägirtleriniň yzarlanyljakdygyna düşünmeli (Ýahýa 15:20). Käbir adamlar Ýehowanyň Güwäçileri barada dogry maglumaty bilmeýärler, şol sebäpli olary yzarlaýarlar. Isanyň yzyna eýerip, Hudaýa gulak asýandygymyz üçin bizi masgaralananlarynda, şatlanmalydygymyzy unutmaň (Res. iş. 5:27—29, 40, 41). Täze öwrenýänleri Ýehowanyň söýgi bilen goldaýandygyna ynandyr (Zeb. 27:10; Mar. 10:29, 30). Eger olar aýypsyzlygyny saklasalar, hökümdarlyk baradaky jedelli meselede Ýehowanyň tarapyny tutýandygyny görkezerler (Sül. tym. 27:11).
3 Dogry bilimiň ähmiýeti. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere kynçylyga duş gelýändigine garamazdan, hemişe dogry bilim almagyň wajypdygyny ýatlat. Şeýtan olara garşylyklar arkaly öwrenen zatlary ýüreginde berk ornaşmaz ýaly päsgel berýär (Sül. tym. 4:23; Luka 8:13). Şol sebäpli olar imanyny berkider ýaly Hudaýyň Sözünden dogry bilim almagyny dowam etmeli (Zeb. 1:2, 3; Kol. 2:6, 7).
4 Çydamlylyk wajyp. Çydamlylyk islendik synaga hötde gelmäge kömek edýär we bu gowy miwe berýär (Luka 21:16—19). Täze öwrenýänler garşylyklara döz gelseler, bu hemmelere peýdaly bolar. Olar Ýehowanyň wepalylyk bilen çydaýanlara bol bereket berýändigini öz durmuşynda göz ýetirerler (Ýakup 1:12).
5 Pawlus resul Selanikdäki doganlarynyň ruhy taýdan ösýändigine şatlanýardy. Ol hakykata gelmäge kömek eden köp adamlar üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirýärdi (2 Sel. 1:3—5). Bizem Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýänlere garşylyklara taýyn we çydamly bolmaga kömek etsek, şatlyk hem-de lezzet alarys.