Gulluk duşuşygynyň tertibi
10-njy noýabrdan başlanýan hepde
28-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. Diňleýjilerden wagyzda bolan ruhlandyryjy wakalary gürrüň bermegi haýyş et.
15 min. Söýgi we jomartlyk ruhuny ösdüriň. Ýaşuly çykyş edýär. 2008-nji ýylyň 15-nji noýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 6-njy sahypasyna esaslanan nutk.
20 min. «Biz gymmatly baýlygy wagyz edýäris»a Ikinji abzasa seredeniňde, diňleýjilerden Mukaddes Ýazgylardaky haýsy taglymatyň Ýehowanyň guramasyna çekendigi ýa-da suwda çokundyrylandan bäri, has gymmatly bolandygy barada gürrüň bermegi haýyş et.
3-nji aýdym
17-nji noýabrdan başlanýan hepde
9-njy aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. «Hudaýa gullugymyzdan» bildirişler.
15 min. «Sowally bukja»b
20 min. «Sen mugallym bolup bilersiň!»c Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip bilmerin diýen duýga hötde gelen wagyzçydan ýa-da pionerden interwýu al. Ol bu babatda nädip Ýehowanyň kömegine bil baglady? Gurama oňa mugallymçylyk ukybyny ösdürmäge nädip kömek etdi? Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip, ol nähili bereket aldy?
16-njy aýdym
24-nji noýabrdan başlanýan hepde
21-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. Ýaşaýan ýeriňize görä, bir-iki hödürleri sahnalaşdyr.
20 min. Ýerli zerurlyklar.
15 min. Dekabr aýynda hoş habary wagyz etmäge taýýarlanyň. Diňleýjilerden ýaşaýan ýeriňizde nähili temalaryň has gyzykly boljakdygyny sora. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlar we nähili soraglar arkaly gürrüňe başlap bolar? «Hudaýa gullugymyzdaky» hödürleri nädip ulanyp bolýandygyny görkez. Goý, bir ýaşuly ýaşaýan ýeriňize görä, gysgaça hödür taýýarlap sahnalaşdyrsyn.
17-nji aýdym
1-nji dekabrdan başlanýan hepde
20-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. Wagyzçylara noýabr aýy boýunça wagyz hasabatyny tabşyrmagy ýatlat.
15 min. Ýaşaýan ýeriňizde wagyzda bolan wakalar. Diňleýjilerden gyzyklanýan adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlan wagty bolan wakalary gürrüň bermegi haýyş et. Bir-iki sany bolan gyzykly wakany görkez.
20 min. «Täze öwrenijileri garşylyklary ýeňmäge taýýarlaň»d. Ikinji abzasa seredeniňde, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýänlere biz üçin biynjalyk bolýan dogan-garyndaşlaryň we dostlaryň soraglaryna jogap berer ýaly, «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» atly kitapdan «Ýehowanyň Güwäçileri» diýen bölümi nädip ulanyp bolýandygyny gysgaça düşündir.
28-nji aýdym
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
d Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.