Wagyz üçin teklipler
«Siziň pikiriňizçe tebigatyň dargamagy Hudaýy biynjalyklandyrýarmy?» Jogap bersin. Soňra Ylham 11:18-i oka we ýer ýüzünde ýaşaýyş üçin gowy şertleriň boljagy barada Mukaddes Ýazgylaryň berýän wadasy hakda pikir alyş.
«Betbagtçylyga uçranda köp adamlar muny Hudaýdan görýärler. Sizem şeýle pikirdemi?» Jogap bersin. Soňra Ýakup 1:13-i oka we betbagtçylyklara kimiň günäkärdigini hem-de olaryň tizden ýok ediljekdigine näme üçin ynanyp bilýändigimizi düşündir.
«Siziň pikiriňizçe ähli dinler Hudaýa ýaraýarmy? (Jogap bersin.) Bu barada Isanyň aýdan sözlerine üns beriň». Matta 15:8 9-njy aýatlary oka we näme üçin Hudaýyň ähli dinleri makul bilmeýändigi barada pikir alyş.
«Ýer ýüzündäki ähli zatlar ýaşaýyş üçin ýaradylandygyny görkezýär. Siziň pikiriňizçe bu zatlar tötänden döredemi ýa-da Hudaý ýaratdy? (Jogap bersin.) Köp adamlar Mukaddes Ýazgylardaky şu aýat bilen ylalaşýarlar». Zebur 104:24-i oka soňra Ýaradyjynyň bardygy hakda ylmy we Mukaddes Ýazgylardaky käbir subutnamalar barada pikir alyş.