Olar nädip eşiderler?
1. Wagyz etmek näme üçin kyn bolup biler we näme sebäpden ruhdan düşmeýäris?
1 Ýehowanyň güni çalt golaýlaşýar köp adamlaryň bolsa heniz hem Hudaý we onuň adamzat baradaky niýeti hakda dogry bilimi ýok (Ýahýa 17:3; 2 Pet. 3:9 10). Adamlaryň köpüsi hoş habara biperwaý garaýarlar ýa-da gülýärler şonuň üçin wagyz etmek kyn bolup biler (2 Pet. 3:3 4). Muňa garamazdan ýaşaýan ýerimizde hoş habary kabul etjek adamlaryň tapyljakdygyna biz doly ynanýarys. Emma olar wagyz edilmese nädip eşiderler? (Rim. 10:14 15).
2. Pawlusyň mysaly bizi nädip ruhlandyrýar?
2 Garşylyklara uçranda. Patyşalyk baradaky habary eşitmek isleýänleriň hatyrasy üçin biz gorkmaly däl. Ýewropanyň Filipi şäherinde adamlar hoş habary ilkinji gezek Pawlus resul arkaly eşitdiler. Ol ýerde Pawlus bilen Silasa töhmet atyp taýaklap zyndana saldylar (Res. iş. 16:16—24). Emma Pawlus şeýle jebir çekse-de gorkman wagyz etmegini dowam etdi. Ol messionerlik syýahatynda Selanik şäherine baranda oňa «wagyz etmek üçin Hudaý... gaýrat berdi» (1 Sel. 2:2). Pawlusyň mysaly «ýagşylyk etmekden ýadamaly» däldigini görkezýär (Gal. 6:9).
3. Öň gyzyklanmadyk adamlar nähili sebäplere görä garaýşyny üýtgedip biler?
3 Öň diňlemedik adamlaryň köpüsi birnäçe ýyldan soň hoş habara garaýşyny üýtgedýärler. Muňa pul ýetmezçiligi keselçilik dogan-garyndaşynyň ölümi ýa-da dünýädäki howsalaly habarlar ýaly özgerişikler sebäp bolup bilýär (1 Kor. 7:31 32). Käbir ata-eneler öň çagalaryna hoş habary diňlemäge garşylyk görkezdiler indi olar ulalyp hoş habary kabul edýärler. Entek wagt barka wagyz etmegimizi dowam etsek bu adamlara Ýehowanyň «adyny çagyrmaga» mümkinçilik berer (Rim. 10:13).
4. Biz näme üçin «yzyny üzmän» gulluk edýäris?
4 «Yzyny üzmediler». Biz Hudaýy we ýakynymyzy söýýändigimiz üçin I asyrdaky resullar ýaly «yzyny üzmän» wagyz edip şägirt taýýarlamak işini dowam edýäris (Res. iş. 5:42). Şu günler adamlaryň köpüsi dünýädäki bolýan «ýigrenç zatlardan ah çekýärler we nalaýarlar» (Ezek. 9:4). Şeýle adamlar hoş habary eşidende bu olara gör nähili umyt we teselli berýär! Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä adamlaryň köpüsi hoş habary diňlemese-de Ýehowa edýän tagallalarymyzy gymmat saýýar (Ýew. 13:15 16).