Ýatlama agşamyna mynasyp adamlary çagyrýarys
1. Patyşalygyň wagyzçylary 2009-njy ýylyň 21-nji martyndan başlap bütin dünýäde näme paýlarlar we näme üçin?
1 Ýehowanyň gullukçylary 2009-njy ýylyň penşenbe güni 9-njy aprelde bütin dünýäde Hudaýyň adamzada bildiren uly söýgüsini ýatlamak üçin ýygnanyşar (Rim. 5:6—8). Biz millionlarça gyzyklanýan adamlaryň Isanyň ölümini biziň bilen bile ýatlamagyny tüýs ýürekden isleýäris. Bu bütindünýä ýörite çakylygy mart aýynyň 21-inde paýlanyp başlanar.
2. Ýatlama agşamyna çakylyk paýlanymyzda, Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip başlap bileris?
2 Mukaddes Ýazgylar okuwy. Gyzyklanýan adamlary Ýatlama agşamyna çagyranda, olar bilen «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby boýunça okuwa başlamaga synanyşyp gör. Olara kitabyň 206—208-nji sahypalaryndaky «Hudaýy şöhratlandyrýan Rebbiň Agşam nahary» diýen tema boýunça Ýatlama agşamy barada gürrüň etmegi teklip et. Bu tema barada pikir alyşmak üçin bir-iki gezek gelseň, belki, gapynyň agzynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bilersiň. Şu materialy geçip bolansoň, ol belki, 5-nji bapdan «Töleg — Hudaýyň iň uly sowgady» diýen temany pikir alyşmaga höwes bildirmegi mümkin. Eger Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygiderli geçjekdigine gözüň ýetse, onda kitabyň başdaky dört babyny hem geçip bilersiň.
3. Ýatlama agşamy aýy kimler bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bileris?
3 Ýokarda agzalan usul bilen kimler bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bileris? Belki, käbir işdeşleriňe, synpdaşlaryňa ýa-da goňşularyňa hödür edersiň. Doganlar hem ýygnakdaky uýalaryň iman etmeýän ärleri bilen gürrüň edip biler. Şeýle-de imansyz garyndaşlaryňa okuw hödür etmegi unutmagyn. Mundan başga-da, biz bir wagt ýygnaga yhlasly gatnaşanlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin has-da jan etmeli (Luka 15:3—7). Geliň, ähli adamlara töleg arkaly halas bolmaga kömek etmek üçin elimizden gelenini edeliň.
4. Biz häzirden nämä taýýarlyk görmeli we näme üçin?
4 Häzirden taýýarlyk gör. Wagyzçylaryň köpüsi mart, aprel aýlarynda köpräk wagyz edip bilerler. Eger seniň çagalaryň ýa-da okuw geçirýänleriň ruhy taýdan gowy ösýän bolsa, onda olaryň suwda çokundyrylmadyk wagyzçy bolmaga ajaýyp mümkinçiligi bolar. Wagyz gullugyna yhlasly gatnaşmaga häzirden taýýarlanmaly, çünki bu adamlara bildirilen iň uly iki söýgi barada bilmäge ýardam eder (Ýahýa 3:16; 15:13).