Gulluk duşuşygyna nädip taýýarlanmaly
1. Gulluk duşuşygy näme maksat bilen geçirilýär we geçilýän materialy nädip gowy özleşdirip bileris?
1 Gulluk duşuşygy netijeli gulluk etmäge kömek edýär. Biz bu duşuşykda Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegi, şägirt taýýarlamagy we Hudaýyň höküm gününiň golaýlaşýandygyny yglan etmegi öwrenýäris (Mat. 28:20; Mar. 13:10; 2 Pet. 3:7). Biz bu duşuşyga gowy taýýarlansak we yhlasly gatnaşsak, geçilýän materialy gowy özleşdirip bileris.
2. Biz nutgy diňlemäge nähili taýýarlyk görüp bileris?
2 Nutk. Nutk bilen çykyş edýän doganyň ulanmaly materialy, adatça, meýilnamada berilýär. Sen bolsa berlen materialy we getirilen aýatlary gözden geçirip, wagyzda nädip ulanyp biljekdigiň barada oýlanyp bilersiň.
3. Sorag-jogap arkaly söhbetdeşlige nädip taýýarlanyp bileris?
3 Sorag-jogap arkaly söhbetdeşlik. Bu bölüm «Garawul diňi» duşuşygy ýaly geçirilip, onda gysgaça giriş we jemleýji sözler aýdylýar. Biz her abzasda berilýän esasy pikirlere üns bersek, manyly gysgaça jogaplary taýýarlamaga bize kömek edýär.
4. Diňleýjiler bilen söhbetdeşlige nädip taýýarlanmaly?
4 Diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Bu bölüm nutk ýaly geçirilse-de, çykyş edýän dogan diňleýjileri oňa gatnaşmaga çagyrýar. Eger sen esasy pikirlere üns berseň we getirilen aýatlary öňünden okasaň, berlen soraglara jogap berip bilersiň. Bu bölüm bilen çykyş edýän dogan diňleýjiler bilen esasy pikirlere sereder.
5. Sahnalardan has köp peýda almaga näme kömek eder?
5 Sahna. Meýilnamanyň käbir bölümlerinde sahnalar berlip, olary ýaşaýan ýerimizde nädip ulanyp bolýandygyna seredilýär. Sahnalarda ýaşulular, ökde wagyzçylar ýa-da pionerler çykyş edip biler. Sen bu bölüme taýýarlananyňda, haýsy hödüri ulanjakdygyň barada pikirlen. Sen «Hudaýa gullugymyzda» berlen teklipleri sahnalaşdyranyňda, ony nädip öz sözüň bilen aýdyp boljakdygy hakynda we her bir adama degişli etmek üçin, teklibi nädip üýtgedip biljekdigiň barada pikirlen. Sahnada ulanyljak edebiýaty ýa-da žurnaly ýanyň bilen getirmegi unutma. Bu hödürleriň käbirini maşgala okuwynda sahnalaşdyrsaň gowy bolmazmy?
6. Gulluk duşuşygyna näme üçin taýýarlanmaly?
6 Gulluk duşuşygynda geçiriljek materiala öňünden taýýarlansak, ondan has köp şatlyk alarys. Şu maslahatlary ulansak, bir-birimizi has-da ruhlandyrarys (Rim. 1:11, 12). Eger biz Gulluk duşuşygyna taýýarlanmaga wagt sarp etsek, tabşyrylan ýumşy gowy ýerine ýetirip bileris (2 Tim. 3:16, 17).