Gulluk duşuşygynda çykyş edýän doganlar üçin maslahatlar
Hudaýa gullugymyzyň şu sanyndan başlap, gulluk duşuşygynyň tertibinde has ýönekeý sözler ulanylar. Aşakdaky maslahatlar we ýatlatmalar 2009-njy ýylyň maý aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» «Gulluk duşuşygyna nädip taýýarlanmaly?» diýen makala has aýdyň düşünmäge kömek edýär.
◼ Nutk. Bu bölüm berlen material esasynda taýýarlanýar. Oňa diňleýjiler gatnaşmaýar. Çykyş edýän dogan ýygnakdaky dogan-uýalara peýdaly boljak pikirlere has köp üns bermeli.
◼ Sorag-jogap. Bu bölüm «Garawul diňi» duşuşygy ýaly geçirilýär. Onda gysgaça giriş we jemleýji sözler aýdylyp, her bir abzasa sorag berilýär. Duşuşygy geçirýän dogan çendenaşa köp düşündiriş bermekden saklanmaly. Wagt bar bolsa, esasy aýatlary okamaly. Eger ýörite görkezme bolmasa, abzaslar okalmaly däl.
◼ Söhbetdeşlik. Bu bölüm nutk ýaly geçirilýär, ýöne oňa diňleýjiler hem gatnaşýar. Emma bu diňe nutk ýa-da sorag-jogap görnüşinde geçirilmeýär.
◼ Sahna we interwýu. Sahnaly bölümi geçirýän dogan sahnanyň taýýarlanmagyna jogapkärdir, emma oňa özüniň gatnaşmagy hökman däl. Sahnany taýýarlamagy diňe tejribeli hem göreldeli wagyzçylara tabşyrmaly. Olar, mümkin bolsa, öňünden gowy taýýarlyk görmeli. Tejribesi az ýa-da täze wagyzçylar bolsa, sahnada öý eýesi hökmünde çykyş edip bilerler. Sahna bilen çykyş edýänleriň ýüzi diňleýjilere tarap bolmaly. Interwýu berýänler oturan ýerinde däl-de, sahna çykyp geplemeli. Sahnalar we interwýular öňünden gowy taýýarlanmaly. Duşuşyga berlen wagtyň tamamlanyp barýandygy sebäpli, dogan özüne berlen bölümi gysgaltmaly bolsa-da, sahnalary we interwýulary geçirmäge çalyşmaly. Bu bölümi taýýarlaýan gulluk hyzmatçylary sahna gatnaşjaklary saýlamak üçin ýaşulular maslahatynyň koordinatory ýa-da başga bir ýaşuly bilen maslahatlaşmaly.
Duşuşygyň käbir bölümleri üçin ýörite görkezmeler berlen bolsa, onda şol görkezmä doly eýermeli. Doganlar gulluk duşuşygyny ýokarda aýdylyşy ýaly geçirse, «herki zadyň sypaýyçylyk hem tertip bilen» bolmagyna ýardam eder (1 Kor. 14:40).