Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/07 sah. 7
  • Sowally bukja

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sowally bukja
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygy üçin görkezme
    «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygy üçin görkezme
  • Ýygnak duşuşyklarynyň täze tertibi
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Hudaýa sežde etmek üçin ýygnanyşýarys
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Wagyz duşuşygynyň maksady
    Hudaýa gullugymyz — 2015
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 5/07 sah. 7

Sowally bukja

◼ Teokratik gulluk mekdebinde, gulluk duşuşygynda, jemagat nutgunda we Garawul diňi duşuşygynda giriş aýdymy kim we nädip açmaly?

Teokratik gulluk mekdebiniň her hepdedäki giriş aýdymlary Hudaýa gullugymyzyň Garaşsyzlyk aýynyň içki sahypasyndaky Teokratik gulluk mekdebiniň meýilnamasynda bolýar. Gulluk duşuşygyndaky giriş we jemleýji aýdymlary Hudaýa gullugymyzyň 2-nji sahypasynda bolýar. Her hepde geçilýän Garawul diňi duşuşygynyň aýdymlary-da žurnalyň her sanynyň 2-nji sahypasynda berilýär. Aýdymlar duşuşygyň aýrylmaz bölegi hasaplanylyp, ony öňündäki duşuşygy alyp baran dogan däl-de, şu duşuşygy alyp barýan dogan mälim etmeli.

Meselem, Teokratik gulluk mekdebiň gözegçisi giriş aýdymy aýtmaga diňleýjileri çagyryp, duşuşygy geçirýär, soňra gulluk duşuşygynda birinji bolup çykyş edýän nutkçy dogany sahna çagyrýar. Dogan gulluk duşuşygyny açýan aýdymy yglan eder.

Gözegçi dogan Jemagat nutgy hem şunuň ýaly edip açar. Ol ýygnaga gelen adamlaryň ählisini nutkçynyň saýlan giriş aýdymyny aýtmaga mähirli çagyrar. Duşuşygy alyp barýan dogan (ýa-da öňünden duýdurylan başga bir mynasyp dogan) duşuşygy doga bilen açar. Ol nutk bilen çykyş etjek doganyň adyny we nutguň mowzugyny yglan eder. Soňunda duşuşygy alyp barýan dogan nutgy jemlemez, ol nutk üçin gysgaça minnetdarlyk bildirer. Ol indiki hepde geçiriljek jemagat nutguň adyny aýdyp, soňra diňleýjileriň ählisini Garawul diňi duşuşygyna galmaga çagyrar. Duşuşygy alyp barýan doganyň diňleýjilerden nutk bilen çykyş doganyň ýygnagyna salam ýollamagy isleýändikleri barada soramagy hökman däl. Soňra duşuşygy alyp barýan dogan Garawul diňini geçirjek dogany sahna çagyrar.

Garawul diňini alyp barýan dogan duşuşyga degişli birinji aýdymy yglan eder. Ol duşuşygy görkezme boýunça geçirip, soňunda jemleýji aýdymy yglan eder. Garawul diňini geçiren dogan, adatça, jemleýji dogada ýüzlenmek üçin jemagat nutguny okan dogany çagyrar.

Şu esasy görkezmäni berjaý etsek, duşuşygymyzyň ähli ýygnaklarda birmeňzeş geçmegine ýardam ederis.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş