Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/08 sah. 1
  • Ýygnak duşuşyklarynyň täze tertibi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýygnak duşuşyklarynyň täze tertibi
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyz duşuşygynyň maksady
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Ýygnaklar «birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirýär»
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygy üçin görkezme
    «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygy üçin görkezme
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 10/08 sah. 1

Ýygnak duşuşyklarynyň täze tertibi

1, 2. 2009-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap duşuşyklar nähili üýtgediler?

1 2008-nji ýylyň 21—27-nji aprel aralygynda ähli ýygnaklarda tolgundyryjy bildiriş edildi. «2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, kitap öwrenilýän duşuşygy Teokratik gulluk mekdebi we gulluk duşuşygy bilen bile geçiriler. «Kitap öwrenilýän duşuşyk» «Mukaddes Ýazgylary öwrenmek» diýlip üýtgediler».

2 Her hepde geçiriljek bu duşuşygyň meýilnamasy. Bu duşuşyk aýdym we doga bilen bilelikde 1 sagat 45 minut dowam eder. Duşuşyk aýdym we doga bilen başlanar (5 min.), soňra Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy bolar (25 min.). Olardan soň Teokratik gulluk mekdebi (30 min.) bolar. Gulluk duşuşygy (35 min.) aýdym (5 min.) bilen başlanar. Duşuşyk aýdym we doga (5 min.) bilen tamamlanar. Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygyň, Teokratik gulluk mekdebiň we Gulluk duşuşygynyň meýilnamasy her aý çykýan «Hudaýa gullugymyzda» çap ediler. Bu bize duşuşyga taýýarlanmaga kömek eder.

3. Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy nähili geçiriler?

3 Mukaddes Ýazgylar öwrenilýän duşuşyk. Bu duşuşyk «Garawul diňi» duşuşygy ýaly geçiriler. Ony geçen hepdede geçilen zatlary gaýtalamak bilen başlamak hökman däl. Duşuşygy gysgaça giriş sözleri bilen başlamaly. Bu duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisine gysgaça jogap bermäge mümkinçilik berer. Ýygnagyň baş gözegçisi bu duşuşygy her hepde dürli ýaşululara gezekli-gezegine geçirmegi tabşyrar.

4. Gulluk duşuşygy nähili geçiriler?

4 Gulluk duşuşygy. Gulluk duşuşygy öňküligine galar, ýöne bölümleri gysgaldylar. Bildirişe 5 minut wagt berler. Bu esasy bildirişler we filiallardan gelýän hatlar üçin ýeterlik bolar. Wagyz gullugy üçin duşuşyklar, zaly arassalamak, hasabat we filiallardan gelen hat ýaly adaty bildirişleri sahnada okamak hökman däl, ýöne olary hemmeler bildirişler tagtasyndan okap bilerler. Meýilnamany alyp barýan doganlar gowy taýýarlanmaly we görkezmä eýerip, berlen wagtyň çäginden çykmaly däl.

5. Etrap gözegçisi gelen hepdede ýygnak duşuşyklary nähili geçiriler?

5 Etrap gözegçisi gelende. Etrap gözegçisi gelende, meýilnama üýtgedilmeýär. Sişenbe güni Teokratik gulluk mekdebi we Gulluk duşuşygy geçirilenden soň aýdym aýdylar. Soňra etrap gözegçisi 30 minutlyk nutk bilen çykyş eder. Hepdäniň başga bir güni bolsa, Mukaddes Ýazgylary öwrenilýän duşuşykda aýdym aýdylandan soň, etrap gözegçisi gulluk nutgy bilen çykyş eder. Duşuşyk aýdym we doga bilen tamamlanar.

6. Toparyň gözegçisiniň nähili borjy bar?

6 Wagyz gullugy üçin duşuşyk. Toparyň gözegçilerini ýaşulular maslahaty bellär. Gözegçiler toparyň agzalarynyň aladasyny edip, çopan hökmünde olary idärler. Eger toparyň aladasyny etmek gulluk hyzmatça tabşyrylsa, onda ol «toparyň gullukçysy» hasaplanýar.

7. Täze tertip ýygnagyň hiline nähili täsir eder?

7 Şeýlelikde, biziň ruhy duşuşyklarymyzyň meýilnamasy has täsirli we öňküden hem ruhlandyryjy bolar. Bu bize ökdelik bilen wagyz etmäge we öwretmäge hem-de gullugymyzda üstünlik gazanmaga ýardam eder (Efes. 4:13, 14; 2 Tim. 3:17).

8. Duşuşyklara öňünden taýýarlansak, özümize we başgalara nähili peýda berer?

8 Ýygnak duşuşyklaryna öňünden taýýarlansak, bu bize ýygnakda esasy pikirlere ünsli bolmaga kömek edýär. Bu biziň ählimize jogap bermäge mümkinçilik berip, biri-birimizi ruhlandyrmaga ýardam eder (Rim. 1:11, 12; Ýew. 10:24). Biziň «ilerleýşimizi hemmeler görer» ýaly, «hakykat sözüni dogry ulanmaga» jan etmeli (1 Tim. 4:15; 2 Tim. 2:15).

9. Biz nämäni ýüregimize düwdük we näme üçin?

9 Biz ýygnak duşuşyklarynyň meýilnamasyna girizilen üýtgeşikliklere begenýäris. Geliň, «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» berýän görkezmesine eýerip, golaýlaşyp gelýän «uly muşakgata» taýýarlaýan Baş Çopanymyza ýakynlaşalyň (Mat. 24:21, 45; Ýew. 13:20, 21; Ylh. 7:14).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş