Mukaddes Ýazgylar okuwyna ymykly taýýarlan
1. Näme üçin okuw geçýäne adama hakykata minnetdarlygyny artdyrmaga kömek etmeli?
1 Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde, okuw geçýän adam Ýehowa gulluk etmäge höweslener ýaly, oňa ymykly taýýarlanmaly. Ol Mukaddes Ýazgylardaky hakykata minnetdarlygyny artdyrar ýaly, elimizden gelenini etmeli (Kan. tag. 6:5; Sül. tym. 4:23; 1 Kor. 9:26). Muny nädip edip bileris?
2. Okuwa ymykly taýýarlanmaga doga nädip kömek edýär?
2 Doga edip taýýarlan. Okuw geçýän adamyň ýüreginde hakykat tohumyny Ýehowa ösdürýär. Şonuň üçin biz okuwa taýýarlananymyzda, öwrenýän adam we onuň zerurlygy barada doga etmeli (1 Kor. 3:6; Ýakup 1:5). Şeýle doga bize onuň ýüreginiň Ýehowanyň isleginiň «bilimi bilen dolmagyna» nädip kömek edip biljekdigimizi anyklamaga ýardam eder (Kol. 1:9, 10).
3. Sapaga taýýarlananda okuw geçýän adam barada nädip oýlanmaly?
3 Okuw geçýän adam barada oýlan. Isa gowy tälim bermek üçin diňleýjileriň pikirini göz öňünde tutmalydygyny bilýärdi. Azyndan iki adam Isa şol bir sowaly berdiler: «Mugallym! Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin, meniň näme etmegim gerek?» Emma Isa olaryň hersine dürli jogap berýär (Luka 10:25—28; 18:18—20). Sapaga taýýarlananymyzda okuw geçýän adam barada oýlanmaly. Onuň bilen haýsy aýatlary okarys? Bir gezekde näçeräk material geçeris? Oňa sapagyň haýsy pikirlerine düşünmek we kabul etmek kyn bolup biler? Eger biz okuw geçýän adamyň berjek käbir soraglaryny öňünden bilsek, dogry jogap bermäge gowy taýýarlyk göreris.
4. Sapaga nädip ymykly taýýarlanyp bileris?
4 Materialy gaýtala. Biz materialy gowy bilýän hem bolsak, şu adam bilen ony ilkinji sapar geçýäris. Şonuň üçin okuw geçýän adamyň ýüregine täsir etmek üçin, her sapaga ymykly taýýarlanmaly. Sapaga taýýarlanyp, biz okuw geçýän adamy hem taýýarlanmaga höweslendirýäris. Munuň üçin öwrenýän adamyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, temany gaýtalamaly, getirilen aýatlary okamaly hem-de temanyň esasy pikirlerini bellemeli (Rim. 2:21, 22).
5. Biz Ýehowadan nädip görelde alyp bileris?
5 Ýehowa Mukaddes Ýazgylary öwrenýän her bir adamyň ruhy taýdan ösüşi bilen içgin gyzyklanýar (2 Pet. 3:9). Biz hem her bir Mukaddes Ýazgylar okuwyna taýýarlanmaga wagt sarp etsek, gyzyklanýan adam barada söýgi bilen alada edýändigimizi görkezýäris.