2010-njy ýylyň bir günlük ýörite kongresiniň meýilnamasy
1. a) soňky ýyllarda ýörite kongreslerde haýsy temalara seredildi? b) Geçen ýörite kongreslerdäki nähili peýdaly pikirler saňa wagyz gullugynda kömek etdi?
1 Soňky bir günlük ýörite kongreslerde «Iň ýokary zatlara göz ýetiriň», «Bir süri ýaly berk duruň», «Hakykaty wagyz ediň» we «Biz toýun, Ýehowa bolsa Küýzegärimiz» ýaly temalara seredildi (Flp. 1:9—11, 27; Ýahýa 18:37; Iş. 64:8). Eýsem, siz 2010-njy ýylyň ýörite kongresine gatnaşmak isleýärmisiňiz? Bu kongresde 1 Korintoslylar 7:29-daky: «Wagt gysgadyr» diýen aýada esaslanan tema serediler.
2. Ýörite kongrese nädip taýýarlanyp bileris?
2 Ýörite kongresiň haçan boljakdygy ýygnakda bildiriş edilenden derrew oňa taýýarlanyp başla. Käbir ata-eneler çagalaryna kongrese taýýarlanar ýaly, onuň senesini planlaşdyrylan işleriniň we maşgala bilen bagly işleriniň bellik edilýän kalendaryna ýazyp, oňa näçe wagtyň galanyny hasaplamaga kömek edýärler. Eger isleseňiz, maşgala okuwynda geçen ýörite kongresleri ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Şeýle-de şol güne ýüregiňizi taýýarlamak üçin, «Teokratik gulluk mekdebinde okaýarys» (rus.) kitabynyň 13—16-njy sahypalaryna seredip bilersiňiz. Bu size we maşgalaňyza «eşidişiňize ünsli bolmaga» kömek eder (Luka 8:18).
3. Kongresden nädip doly peýda alyp bileris?
3 Bilen zatlaryňy ulan. Adatça, kongresden soň, ýüregimiz joşup: «Nähili ajaýyp kongres!» diýýäris. Bu hakykatdan-da şeýle, sebäbi kongres Ýehowanyň berýän ençeme sowgatlarynyň biridir (Sül. tym. 10:22). Eşiden zatlarymyz miwe berer ýaly, olar barada oýlanmaly we bilen zatlarymyzy ýatdan çykarmajak bolmaly (Luka 8:15). Kongresden soň wagt tapyp, maşynda bile giden maşgala agzalaryň ýa-da dostlaryň bilen bu barada gürrüňdeş bolup bilersiň. Siz bir-biriňiz bilen nähili maksatlara ýetjekdigiňiz we wagyz gullugynda kömek etjek pikirler barada gürrüň edip bilersiňiz. Şeýle gürrüňdeşlik size kongresde eşiden zatlaryňyzy uzak wagtlap ýatda saklamaga kömek eder (Ýakup 1:25).
4. Näme üçin bu kongres biziň üçin şatlykly bolar?
4 Biz, aýratynam, gerekli zady sowgat berenlerinde özümizi şadyýan duýýarys. Eýsem, biz indiki boljak ýörite kongrese sabyrsyzlyk bilen garaşmaly dälmi? Ýehowanyň biziň üçin örän wajyp zady taýýarlandygyna ynanyp bileris. Tabşyrylan ýumşy has gowy ýerine ýetirer ýaly, biz gökdäki Atamyz Ýehowanyň teselli hem-de öwüt-ündew berjegine umyt edip bileris (2 Tim. 4:2; Ýakup 1:17).