Siz nähili jogap berersiňiz?
1. Soraga jogap berende näme üçin Isadan görelde almaly?
1 Adamlaryň soraglaryna Isanyň beren jogaplary hatda häzire çenli haýran galdyrýar. Bize-de dürli temalar boýunça sorag berenlerinde, Isadan görelde alsak gowy bolar (1 Pet. 2:21).
2. Soraga gowy jogap bermäge näme kömek eder?
2 Ilki diňle. Isa sorag berýän adamyň garaýşyny göz öňünde tutýardy. Adamyň pikirini bilmek üçin käte sorag bermeli. Meselem, biri: «Siz Isa iman edýärsiňizmi?» diýmek bilen, belki, ol näme üçin Roždestwony bellemeýändigimizi bilmek isleýändir. Eger sen adamy hakykatdan-da näme biynjalyk edýändigini bilseň, onuň bilen gowy gürrüňdeş bolup bilersiň (Luka 10:25—37).
3. Mukaddes Ýazgylara görä jogap bermäge bize näme kömek edýär?
3 Hudaýyň Sözüne görä jogap ber. Jogap bereniňde Mukaddes Ýazgylary ulansaň, köplenç gowy netije berýär (2 Tim. 3:16, 17; Ýew. 4:12). «Mukaddes Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.) kitaby we «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesi» (rus.) kitabyndaky «Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňdeşlik üçin temalar» diýen goşmaça maglumat dogry jogap bermäge kömek edýär. Eger adam Mukaddes Ýazgylara ynanmasa, bu barada Ýazgylaryň näme öwredýändigini sypaýylyk bilen aýdyp bilersiň. Şeýle-de adamy Hudaýyň Sözündäki akyldarlygyň wagt synagyndan geçendigi barada çynlakaý oýlanmaga höweslendir. Isadan görelde alsaň, seniň sözleriň «kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimin», ýagny hormata mynasyp, ajaýyp we peýdaly bolar (Sül. tym. 25:11).
4. Haýsy ýagdaýlarda soraga jogap bermesek gowy bolar?
4 Her bir soraga jogap bermelimi? Eger soragyň jogabyny bilmeseň, onda: «Men häzir jogabyny bilemok, ýöne biljek bolaryn we indiki gezek gelenimde, jogabyny aýdaryn» diýmäge çekinme. Şeýle kiçigöwünlilik bildirip, ýürekden gyzyklansaň, belki, ol seniň ikilenç ideg etmegiňe razylaşar. Eger sen soragyň jedel etmek üçin berilýändigini duýsaň, onda Isadan görelde alyp, oňa jogap bermän bilersiň (Luka 20:1—8). Şonuň ýaly-da, eger kimdir biri ýürekden gyzyklanman, jedel etjek bolsa, onda gürrüňdeşligi sypaýyçylyk bilen tamamla we wagtyňy akýürekli adamlary agtarmaga sarp et (Mat. 7:6).
5. Isanyň soraga jogap berşinden nähili görelde alyp bileris?
5 Isa «hakykata güwälik etmek» üçin Ýehowa bil baglamagyň we ýürekden gyzyklanýan adamlaryň soragyna jogap bermegiň wajypdygyny bilýärdi (Ýahýa 18:37). «Ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleriň» soragyna jogap berip, Isadan görelde almak nähili hormat! (Res. iş. 13:48).