Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/09 sah. 2
  • Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulan

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulan
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Meňzeş maglumat
  • Aýatlary ýat tutmak üçin näme etmeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Siz Hudaýyň sözüni goraýarmysyňyz?
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Mukaddes Ýazgylardan yzarlamaga höweslendirmek
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 9/09 sah. 2

Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulan

1. Mukaddes Ýazgylar näme üçin örän peýdaly?

1 Hudaýyň ylhamly Sözüni ökdelik bilen ulansak, hakykaty yglan etmäge we ony aýdyň öwretmäge, ýalan taglymatlary hem-de ynsan däp-dessurlaryny paş etmäge kömek eder (2 Tim. 2:15; 1 Pet. 3:15).

2. Mukaddes Ýazgylardan aýatlary çalt tapmaga näme kömek eder?

2 Ýazgylary gowy bilmäge çalyş. Guraly näçe köp ulansak, şonça-da ökdeleşeris. Eger sen Mukaddes Ýazgylary başdak-aýak okap çyksaň, onuň esasy temasyna gowy düşünersiň. Şeýle-de bu saňa aýatlary ýatda saklamaga we olary aňsatlyk bilen tapmaga kömek eder. Mukaddes Ýazgylary gowy bilseň, resmi däl ýagdaýda we wagyz edende-de, ynamly hem-de yhlasly güwälik edersiň (1 Sel. 1:5).

3, 4. a) Mukaddes Ýazgylary nädip ökdelik bilen ulanyp bileris? b) Sen Ýazgylary gowy bilmek üçin ýene-de näme edýärsiň?

3 Ýygnak duşuşyklarynda Mukaddes Ýazgylary açyp, aýatlary yzarlamagy endik edin. Şahsy okuwyňda we duşuşyklara taýýarlananyňda, getirilen aýatlary okap, olary nädip ulanjakdygyň barada oýlan. Köp wagyzçylar aýatlary kompýuterden ýa-da printerde çap edilen kagyzdan däl-de, Mukaddes Ýazgylaryň özünden okap, wagyzda aýatlary aňsatlyk bilen tapyp bolýandygyna göz ýetirdiler (Ýahýa 14:26).

4 Käbir maşgalalar ýörite wagt tapyp, Mukaddes Ýazgylaryň aýatlaryny ýat tutýarlar. Munuň üçin olar kiçijik kagyzyň bir tarapyna aýady, beýleki tarapyna bolsa aýadyň sözlerini ýazýarlar. Olar gezekli-gezegine aýatlary ýatdan aýdýarlar ýa-da onuň nirede ýerleşýändigini ýada salýarlar. Hödüri öýde sahnalaşdyryp ýa-da sözümizi bölenlerinde Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen soraglara jogap bersek, Hudaýyň Sözüni ulanmakda has-da ökdeleşeris.

5. Biz Mukaddes Ýazgylary näme üçin ökdelik bilen ulanmak isleýäris?

5 Mukaddes Ýazgylar deňsiz-taýsyz kitapdyr. Diňe onda «gutulyş üçin... akyldar edýän» sözler bar (2 Tim. 3:15). Biziň ýaşaýan ýerimizde köp adamlar Hudaýyň Sözünde gymmatly hazynanyň bardygyny bilmeýärler, şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylaryň hakykatyny ökde wagyz etmäge çalyşmaly (Sül. tym. 2:1—5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş