Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris
3-nji bölüm: Mukaddes Ýazgylary ussatlyk bilen ulan
1. Okuw geçirenimizde, näme üçin Mukaddes Ýazgylara köp üns bermeli?
1 Biz Mukaddes Ýazgylar okuwy arkaly adamlara Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmek isleýäris. Munuň üçin olara Hudaýyň Sözündäki taglymatlara düşünip, ynanmaga hem-de durmuşynda ulanmaga kömek etmeli (Mat. 28:19, 20; 1 Sel. 2:13). Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar okuwy Mukaddes Ýazgylara esaslanmaly. Ilki bilen, öwrenýän adama öz Mukaddes Ýazgylaryndan esasy aýatlary tapmagy öwret. Eýsem, olara ruhy taýdan ösmäge kömek etmek üçin Mukaddes Ýazgylary nädip ulanyp bileris?
2. Okajak aýatyňy nädip saýlamaly?
2 Okajak aýatyňy saýla. Okuwa taýýarlyk görýän wagtyň, her bir aýatyň abzasdaky pikir bilen baglanyşygy hakda oýlan hem-de okuw wagty haýsy aýatlary okap, gürrüň etjekdigiňi öňünden çöz. Köplenç ynanýan zatlarymyzyň Mukaddes Ýazgylara esaslanýandygyny görkezýän aýatlary okasaň gowy bolar. Goşmaça maglumat berýän aýatlary okamak hökman däl. Öwrenýän her bir adamyň zerurlygyny we ýagdaýyny göz öňünde tut.
3. Sowal bermek näme üçin peýdaly we biz nädip sowal berip bileris?
3 Sowal ber. Aýatlary saňa derek öwrenýän adamyň özi düşündirsin. Munuň üçin sen ýerlikli sowallary berip bilersiň. Eger-de aýatyň näme üçin ulanylandygy düşnükli bolsa, onda aýatyň abzasdaky pikir bilen baglanyşygyny aýtmagy haýyş et. Başga ýagdaýlarda öwrenýän adama dogry netijä gelmäge kömek etmek üçin, belki-de, has anyk sowaly, hatda birnäçe sowallary bermeli bolarsyň. Şonda-da käbir zatlary düşündirmeli bolsa, onda, ilki bilen, onuň berýän jogabyny ünsli diňlemeli.
4. Okan aýatyňy nähili düşündirmeli?
4 Okuwy ýönekeý geçir. Nyşana degmek üçin ökde ýaýça bary-ýogy bir ok gerek. Şoňa meňzeşlikde, ökde mugallym hem esasy pikiri aýtmak üçin köp gürläp oturmaýar. Ol ýönekeý, düşnükli hem anyk öwredýär. Käwagtlar aýatyň manysyna özüň dogry düşünip, soňra öwrenýän adama düşündirmek üçin sadyk hyzmatkäriň edebiýaty boýunça ýörite gözleg geçirip bilersiň (2 Tim. 2:15). Ýöne aýatlary hemme taraplaýyn düşündirmek gerek däl. Diňe esasy pikirini düşündirmeli.
5, 6. Biz öwrenýän adama Hudaýyň Sözüni durmuşda ulanmaga nädip kömek edip bileris, ýöne nämeden gaça durmaly?
5 Durmuşda ulanylyşyny görkez. Ýerlikli bolsa, onda öwrenýän adama aýatlaryň özüne näme peýda berýändigini düşünmäge kömek et. Meselem, entäk ýygnagyň duşuşyklaryna gatnaşmaýan biri bilen Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlar hakda gürrüň edýän mahalyň, sen duşuşyklaryň biri hakda gürrüň berip, soňra bolsa ony şoňa çagyryp bilersiň. Ýöne zordan duşuşyga eltjek bolma. Ýehowany razy etmäge, goý, Hudaýyň Sözi höweslendirsin (Ýew. 4:12).
6 Şägirt taýýarlamak işinde Mukaddes Ýazgylary ussatlyk bilen ulanyp, geliň, «imana boýun bolmaga» kömek edeliň (Rim. 14:26).