Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/09 sah. 3
  • Mynasyp adamlary agtarýarys

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mynasyp adamlary agtarýarys
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Meňzeş maglumat
  • Hoş habary wagyz etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Seniň wagyz etmäge uçastogyň barmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meýdança almak peýdalymy?
    Hudaýa gullugymyz — 2013
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 9/09 sah. 3

Mynasyp adamlary agtarýarys

1. Hudaýa gulluk etmegiň gadyryny bilýändigimizi nädip görkezýäris?

1 Isa ýer ýüzünde gulluk edende, kiçigöwünli adamlara hoş habar arkaly teselli bermek üçin ähli mümkinçilikden peýdalandy (Iş. 61:1, 2). Şu günler biz hem Mesihiň ilçileri hökmünde ondan görelde alyp, ýaşaýan ýerimizde mynasyp adamlary arman-ýadaman agtarýarys (Mat. 10:11; 2 Kor. 5:20).

2. Pawlus nädip ugurtapyjylyk görkezdi we bu nähili netije berdi?

2 Ugurtapyjy bol. Adatça, Pawlus resul ilki sinagoga baryp, ýehudylara we ýehudy dinine geçen adamlara wagyz edýärdi (Res. iş. 14:1). Ol Silas bilen Filipi şäherinde «adat boýunça doga edilýän» ýerden adamlary gözledi. Olar aýallara wagyz edende, Lidiýa atly bir aýal şol bada hakykaty kabul edýär (Res. iş. 16:12—15).

3. Meýdançamyzda öýden-öýe wagyz etmekden başga ýene-de nähili mümkinçilikler bar?

3 Sen öýden-öýe wagyz etmekden başga, meýdançaňdaky awtoduralgalarda, seýil baglarda, iş edaralarynda, köp adamly köçelerde, işlenilýän ýerlerde we dükanlarda wagyz edip bilermiň? Belki, sen girip bolmaýan we rugsat berilmeýän ýerlerde hat ýa-da telefon arkaly wagyz edersiň. Meýdançamyzda ugurtapyjy we ünsli bolsak, «Rebbiň işine yhlasly ýapyşarys» (1 Kor. 15:58).

4. Ýygnagymyzyň territoriýasy çäkli bolsa nämeler edip bileris?

4 Käbir wagyzçylaryň köpräk gulluk etmek üçin öz ýurdunyň ýa-da başga ýurtlardaky ýygnaga geçmäge mümkinçilikleri bar. Käbirleri bolsa başga ýurtdan gelenlere wagyz etmek üçin dil öwrenýärler.

5. Biz nähili döwürde ýaşaýarys we näme etmegi ýüregimize düwmeli?

5 Ýadyňda bolsun, «ekin meýdany... dünýädir» (Mat. 9:37; 13:38). Zalym dünýäniň soňy golaýlaşýar, şol sebäpli her birimiz köpräk gulluk etmek üçin ýagdaýymyz, ukybymyz, mümkinçiliklerimiz barada çynlakaý oýlanmaly. Eger biz Patyşalygyň bähbitlerini birinji orunda goýsak, köpräk gulluk etmek üçin ýürekden edýän tagallalarymyza Ýehowanyň bereket berjekdigine ynanyp bileris (Mat. 6:33).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş