Men gowy wagyz edýärinmi?
1. Gowy wagyz edip bilýärinmi diýip, aladalanýan bolsak, bize näme kömek eder?
1 Sende şeýle sorag döreýän bolsa, onda alada etme. Hiç kim wagyz etmek ukyby bilen dogulmaýar. I asyrdaky wagyzçylaryň käbiri «okuwsyz, garamaýakdy». Muňa garamazdan, olar Isanyň göreldesine eýerip, hoş habary ökdelik bilen wagyz etdiler (Res. iş. 4:13; 1 Pet. 2:21).
2. Isanyň taglymatlarynyň nähili aýratynlyklary bar?
2 Isa nädip öwretdi. Isanyň öwreden ýönekeý taglymatlaryna düşünmek we eýermek aňsatdy. Onuň soraglary, mysallary we ýönekeý giriş sözleri adamlaryň ünsüni çekýärdi (Mat. 6:26). Isa adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi (Mat. 14:14). Şeýle-de Isa ynamly we ygtyýarly gepleýärdi, sebäbi Ýehowanyň oňa ynanýandygyny we wagyz etmegi tabşyrandygyny bilýärdi (Luka 4:18).
3. Ýehowa bize wagyz etmäge nädip kömek edýär?
3 Ýehowa bize kömek edýär. Beýik Mugallym Ýehowa bize Mukaddes Ýazgylar we guramasy arkaly hoş habary ökdelik bilen wagyz etmegi öwredýär (Iş. 54:13). Sebäbi Ol Isanyň öwrediş tärlerini Mukaddes Ýazgylarda ýazdyrdy. Biz olary okap, ondan görelde alyp bileris. Ýehowa bize mukaddes ruhuny berip, ýygnak duşuşyklary arkaly öwredýär (Ýahýa 14:26). Şeýle-de biz tejribeli wagyzçylar bilen wagyz edip, ökde wagyzçy bolup bileris.
4. Hoş habary adamlara gowy wagyz edip biljekdigimize näme üçin ynanyp bileris?
4 Biz gowy wagyz edip biljekdigimize ynanyp bileris, çünki «ukybymyz Hudaýdandyr» (2 Kor. 3:5). Biz Ýehowa bil baglap, onuň söýgi bilen öwredýän zatlaryna doly eýersek, «her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolarys» (2 Tim. 3:16).