Ilkinji idegde Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýarmyň?
Adamlara Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödür edenimizde, olaryň käbiri: «Bu meni gyzyklandyrmaýar» diýýär. Belki okuw diýlende, olar mekdepde berilýän bilimi göz öňünde tutýandyr. Emma olar bu okuwyň mekdep okuwyndan tapawutlanýandygyny we durmuşda peýdalydygyny hem-de gyzyklydygyny bilmeýärler. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny diňe hödür etmek bilen çäklenmän, eýsem az salymyň içinde okuwyň nähili geçýändigini görkezsek gowy bolar. Meselem: Aşpez bişirýän tagamlary barada ýöne bir gürrüň bermän, eýsem bişiren naharyny dadyryp, özüniň ökdedigini görkezýär. Mukaddes Ýazgylar okuwyny birnäçe minudyň dowamynda hödür etse bolýar. Ýadyňda bolsa, biz wagza çykanymyzda ýanymyz bilen edebiýat almaýarys. Ýöne şonda-da edebiýaty öýde ulanyp, wagza taýýarlanyp bilersiň. Geliň, 2006-njy ýylyň ýanwar aýynda çykan «Hudaýa gullugymyza» (sah. 5) we «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaba (sah. 36, abz. 22) esaslanan hödüre seredeliň.
«Siziň pikiriňizçe şu pygamberlik ýerine ýetermikä? (Iş. 33:24-i okap ýa-da ýatdan aýdyp ber. Jogap bersin.) Hudaýyň bu wadasyna ynamymyz bolar ýaly, Mukaddes Ýazgylarda subutnamalar hödür edilýär (Mar. 1:40—42-nji aýatlary okap ýa-da ýatdan aýdyp ber). Indiki gezek söhbetdeşligi dowam eder ýaly, ony gyzyklandyrýan soragy berip, ol hakynda indki gezek gürrüňdeş boljakdygyňy aýt. Şeýdip, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap bilersiň.