Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/10 sah. 7
  • Täze wagyzçylara wagyz etmegi öwrediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Täze wagyzçylara wagyz etmegi öwrediň
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Täze wagyzçylara öwredip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Ýehowa yhlasly gulluk etmegi öwrediň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Gowy kömekçi bolup, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Tejribeli wagyzçylardan öwreniň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 5/10 sah. 7

Täze wagyzçylara wagyz etmegi öwrediň

1. Ilkinji gezek wagyz edeniňde, özüňi nähili duýduň?

1 Seniň ilkinji gezek öýden-öýe wagyz edeniň ýadyňdamy? Megerem, sen örän tolgunansyň. Seniň bilen sapak geçen ýa-da başga bir wagyzçynyň saňa wagyz etmäge kömek edenine begenensiň. Indi sen ökde wagyzçy hökmünde täze wagyzçylara wagyz etmäge kömek edip bilýärsiň.

2. Täze wagyzçylar näme öwrenmeli bolýar?

2 Biri wagyzçy bolanda, oňa adamlara hakykaty hödür etmegi, Mukaddes Ýazgylary ulanmagy, ikilenç ideg etmegi, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap, ony geçirmegi öwretmeli bolýar. Şeýle-de wagzyň dürli görnüşinde, ýagny köçede we dürli ýerlerde wagyz etmegi öwretmek gerek. Oňa bu ugurlarda ökdeleşmäge öz göreldäň bilen we maslahatlaryň bilen kömek edip bilersiň.

3. Täze wagyzçylara nähili görelde görkezip bileris?

3 Görelde görkez. Isa şägirtlerine wagyz etmekde görelde görkezdi (Luka 8:1; 1 Pet. 2:21). Wagyzda sen, belki-de, edebiýatlarymyzdan alnan ýönekeý hödürleri ulanarsyň? Şeýtseň täze wagyzça seniň göreldäňe eýermek aňsat bolar. Ol seniň nädip wagyz edýändigiňi görer ýaly, birki gapyda, ilki bilen özüň wagyz etseň gowy bolar. Wagyzdan soň, ondan eden gürrüňiň hakda pikirini sorap bilersiň. Şeýtseň, täze wagyzçy hyzmatdaşlygyň örän wajypdygyna göz ýetirer we onuň eden hödüri babatda seniň maslahatyňy kabul etmek oňa aňsat düşer.

4. Wagyzda täze wagyzçylara nädip kömek edip bileris?

4 Maslahat ber. Isa şägirtlerine wagyz etmegi öwredende maslahat hem berýärdi (Mat. 10:5—14). Sen hem täze wagyzça şeýle kömek berip bilersiň. Ol wagyz edende, ünsli diňle. Soňra eden teklibini düzetmeli hem bolsa, jomartlyk bilen ýürekden öwgüli sözleri aýtmagy unutma. Maslahat bermezden öň, belki-de, indiki gapylarda başdaky eden ýalňyşynyň özüniň düzedişine üns berersiň. Ähtimal, ol tolgunýandyr. Şeýle-de wagyzçylaryň ählisiniň başarjaňlygynyň meňzeş däldigini we şol bir zady dürli ýollar bilen edip bolýandygyny unutma (1 Kor. 12:4—7).

5. Täze wagyzçylara maslahaty nädip berse bolar?

5 Täze wagyzçynyň kämahal senden maslahat soramagy mümkin. Eger soramasa, özümiz maslahat bermeli bolýarys. Ony nädip sypaýyçylyk bilen etse bolar? Käbir tejribeli wagyzçylar şeýle sorag berýärler: «Saňa maslahat bersem bolarmy?» ýa-da «Sen bu hakda näme pikir edýärsiň?» Başgaça diýse hem bolar: «Men ýaňy wagyzçy bolanymda, maňa... kyn bolýardy, emma maňa... maslahat kömek etdi». Onuň göwnüne degmez ýaly, diňe bir mesele boýunça maslahatlar berseň gowy bolar. Kämahal wagyzçylara «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» kitabyna bilelikde seredilmegi hem kömek edýär.

6. Wagyzda nädip «demir demri ýiteldýär» diýse bolar?

6 Demir demri ýiteldýär. Pawlus resul ökde hoş habarçy Timoteosy öwretmek bilen meşgul bolmaga we bu işde ilerlemäge höweslendirýärdi (1 Tim. 4:13, 15). Sen birnäçe ýyldan bäri wagyz edýän hem bolsaň, tejribäňi ösdürmegiňi dowam et. Tejribesi az wagyzçy bilen wagyza çyknyňda, ondan öwrenere zat tapyp bilersiň. Dogan-uýalara, esasanam, täze wagyzçylara wagyz işinde ökdeleşmek üçin mähir bilen kömek etmäge taýýar bol (Sül. tym. 27:17).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş