Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/11 sah. 2
  • Sen belli bir karara geldiňmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen belli bir karara geldiňmi?
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Sen belli bir karara geldiňmi?
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Ýokary hilli medisina kömegi — bu nähili kömek?
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Biz haýal etmelimi?
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Biz haýal etmelimi?
    Hudaýa gullugymyz — 2008
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 1/11 sah. 2

Sen belli bir karara geldiňmi?

Bütin dünýäde gansyz bejergi edýän lukmançylyk merkezleriniň sany gitdigiçe artýar. Sen gansyz bejerişiň usullaryny gowy bilýärmiň? Sen belli bir bejergi almak ýa-da operasiýa razylaşmak üçin dogry karara geler ýaly gowy düşünjäň bolmaly. «Gansyz bejeriş — medisina garşy däl» (rus.) atly wideofilmi gör. Soňra şu aşakdaky sowallar arkaly bilen zatlaryň barada doga edip oýlan. (Bellik: filmde gysgaça hirurgiýa parçalar bolany sebäpli ata-eneler ony çagalar bilen görmelimi ýa görmeli däldigi barada oýlanyň).

1) Ýehowanyň Güwäçileri haýsy esasy sebäbe görä gan goýbertmeýärler? 2) Ýehowanyň Güwäçileri nähili bejergi almak isleýärler? 3) Syrkawyň nähili hukugy bar? 4) Näme üçin gansyz bejerişi saýlamak paýhasly? 5) Gan köp ýitirilende, ilki bilen, lukmanyň nähili iki maksady bolmaly? 6) Gansyz bejerişiň nähili dört prinsipi bar? 7) a) Ganyň has az ýitirilmegi b) gyzyl gan öýjükleriniň ýitirilmezligi ç) ganyň öndürilmegini çaltlandyrmak d) ýitirilen ganyň üstüni doldurmak üçin lukmanlar näme edip biler? 8) a) Gemodilýusiýa we b) reinfuziýa (gany tygşytly saklamak) ýaly usullary düşündir. 9) Siz gansyz bejeriş barada lukmanlardan nähili maglumaty bilmeli? 10) Agyr operasiýalary gan goýbermän edip bolýarmy? 11) Medisina gansyz bejerişde nähili üstünlikler gazandy?

Wideofilmdäki käbir bejergileri almak meselesinde her kimiň özi Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä çözmeli. Siz çagalaryňyz we özüňiz üçin haýsy gansyz bejergini saýladyňyz we medisina resminamasyny doldurdyňyzmy? Bu meselä «Garawul diňiniň» (rus.) 2004-nji ýylyň 15-nji iýunynda we 2000-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan «Okyjylaryň sowallary» diýen makalalarda giňişleýin seredilýär. Soňra «Hudaýa gullugymyzyň» 2006-njy ýylyň noýabrynda çykan sanynyň içki sahypasynda «Men ganyň fraksiýasy we öz ganym bilen ulanylýan bejergiler hakda nähili karara gelmeli?» diýen makala esasynda gansyz bejerişi kabul etmelimi ýa-da etmeli däldigi barada özüň karara gelip bilersiň. Şondan soň medisina resminamasyny dogry doldurandygyňy barlamagy ýatdan çykarma. Näme sebäpden şeýle karara gelendigiň barada şol resminamada görkezilen wekilleri we maşgalaňyzyň imansyz agzalaryny habarly et.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş