Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/11 sah. 7
  • Çagalaryňyza wagyzçy bolmaga kömek ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Çagalaryňyza wagyzçy bolmaga kömek ediň
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Çagalaryňyza Ýehowany şöhratlandyrmagy öwrediň
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Ata-eneler çagalaryňyzy söýgi bilen terbiýeläň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 1/11 sah. 7

Çagalaryňyza wagyzçy bolmaga kömek ediň

1. Zebur 148:12, 13-nji aýatlar mesihçi ata-eneleri nämä höweslendirýär?

1 Ýehowa adyny şöhratlandyrmak üçin ýaşlary çagyrýar (Zeb. 148:12, 13). Şonuň üçin, mesihçi ata-eneler çagalaryna diňe Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty we Hudaýyň ahalak kadalaryny öwretmek bilen çäklenmeýär. Olar çagalaryny hoş habaryň wagyzçylary bolmagy öwredýär. Muny nädip üstünlikli etse bolar?

2. Ata-eneleriň gowy göreldesi çagalara nähili täsir edip bilýär?

2 Gowy görelde görkeziň. Gideon kazy 300 esgerine şeýle diýýär: «Serediň, men näme etsem, sizem şony ediň» (Kaz. 7:17). Çagalar ata-enelerine seredip, olardan görelde alýarlar. Gije işleýän bir dogan şenbe güni ertir bilen öýe gelende, ýadawlygyna garamazdan ýatman çagalary bilen wagza gidýär. Olara söz bilen däl-de, eýsem, wagzy birinji orunda goýýandygyny göreldesi bilen öwredýär (Mat. 6:33). Ata-eneler, çagalaryňyz siziň doga edeniňizde, Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda, ýygnakda jogap bereniňizde we wagyz edeniňizde yhlaslydygyňyzy görýärmi? Elbetde siz kämil görelde görkezip bilmeýärsiňiz. Emma çagalar Hudaýa ýürekden gulluk edýändigiňizi görse, olar Ýehowa gulluk etmegi öwretmek üçin edýän tagallalaryňyzy gowy kabul eder (Kan. tag. 6:6, 7; Rim. 2:21, 22).

3. Ata-eneler çagalaryna nähili ruhy maksatlary goýmaga we olara ýetmäge kömek etmeli?

3 Ruhy maksatlary goýmaga kömek ediň. Ata-eneler çagalaryna ýöremegi, gürlemegi, geýinmegi we başga-da zatlary öwredýär. Çagalar ulaldygyça, olaryň öňünde täze maksatlar peýda bolýar. Mesihçi ata-enler çagalarynyň ýaşyna we ukybyna görä ruhy maksatlary goýmaga hem-de olara ýetmäge kömek edýär (1 Kor. 9:26). Siz çagalaryňyza ýygnakda öz sözi bilen jogap bermegi we Teokratik gulluk mekdebinde doklad (nutk) bilen çykyş edende taýýarlanmagy öwredýärmisiňiz? (Zeb. 35:18). Şeýle-de olara wagzyň her dürli görnüşine gatnaşmagy öwredýärsiňizmi? Çagalaryňyzy suwda çakundyrylmak we pioner bolup gulluk etmek maksatlaryny goýmaga höweslendirýärsiňizmi? Siz olary ruhlandyrjak yhlasly wagyzçylar bilen aragatnaşyk saklamaga kömek edýärsiňizmi? (Sül. tym. 13:20).

4. Ata-eneler çagalaryna kiçilikden wagyz etmegi öwretse nähili bereket alar?

4 Mezmurçy şeýle diýdi: «Eý Hudaý, Sen maňa ýaşlygymdan tälim berdiň; men şu wagta çenli Seniň ajaýyp işleriňi wagyz etdim» (Zeb. 71:17). Çagalaryňyzy wagyzçy bolmaga kiçilikden taýýarlaň. Kiçilikden berlen ruhy terbiýe olara ulalanda hem kömek eder! (Sül. tym. 22:6).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş