Köçede wagyz etmegiň peýdasy
1. Biz Isadan nähili görelde alyp bileris?
1 Isa ýer ýüzünde gulluk edende, ýolda we jemagatyň üýşen ýerinde wagyz etmekden gorkmaýardy (Luka 9:57—61; Ýahýa 4:7). Ol, mümkin boldugyndan, köp adamlara wajyp habary aýtmak isleýärdi. Şu günler hem adamlara Hudaýyň akyldarlygyny bilmäge kömek etmegiň gowy usuly — köçede wagyz etmek (Sül. tym. 1:20). Eger biz yhlasly hem-de düşgür bolsak, wagyzda has köp üstünlik gazanarys.
2. Köçede wagyz edende nädip yhlasly bolup bileris?
2 Yhlasly boluň. Köçede wagyz edende, adamlaryň ýanymyza gelmegine garaşman, özümiz olaryň ýanyna barsak gowy bolar. Olara mähirli ýylgyryň we özüňizi mylakatly alyp baryň. Eger-de siz iki bolup wagyz edýän bolsaňyz, onda adamyň ýanyna biriňiz barsaňyz paýhasly bolar. Şeýle-de gyzyklanan adamy ikilenç ideg edip, gürrüňdeşligi dowam eder ýaly tagalla etmeli. Ýerlikli bolsa, onuň bilen nädip habarlaşyp boljakdygyny soraň. Howpsuz bolan ýagdaýynda, käbir wagyzçylar şol bir ýerlerde wagyz edýärler. Bu gyzyklanan adamlar bilen ýene-de duşuşmaga we gürrüňdeşligi dowam etmäge mümkinçilik berýär.
3. Wagyzda nädip düşgür bolup bileris?
3 Düşgür boluň. Nirede we kime wagyz etmelidigini bilmek üçin düşgürlik gerek. Köçeden barýan her bir adama wagyz etmek hökman däl. Ünsli boluň. Eger adam howlugyp barýan bolsa, ony saklamasak gowy bolar. Edaralaryň golaýynda wagyz edende, paýhasly bolup, göze düşmejek bolmaly. Adamlara işden öýüne barýarka wagyz edilse, has-da amatly bolýar. Emma adamlaryň ýanyna duýdansyz baryp, olary gorkuzmaň.
4. Köçede wagyz etmek näme üçin şatlykly we peýdaly?
4 Köçede wagyz edende, az wagtyň içinde köp hakykat tohumyny ekmäge mümkinçilik döreýär (Wag. 11:6). Biz öýden-öýe wagyz edenimizde, hatda öýünde tapyp bilmedik adamlara-da köçede duşmagymyz mümkin. Siz wagzyň şeýle şatlykly we peýdaly görnüşine gatnaşarmysyňyz?