Ýehowa ýumuş tabşyryp, görkezme berýär
1. Ýehowa adamlara nädip ýumuş tabşyrýar?
1 Ýehowa ýumuş tabşyranda, ony dogry ýerine ýetirmegimiz üçin görkezme berýär. Meselem, Ol Nuha öň edip görmedik işini, ýagny gämi gurmagy buýranda, ony nädip ýasamalydygyny hem aýdypdy (Gel. çyk. 6:14—16). Musa kiçigöwünli adamdy. Ýehowa oňa Ysraýyl ýaşulularynyň we fyrownyň ýanyna gitmegi tabşyryp, şeýle diýdi: «Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» (Müs. çyk. 4:12). Ýehowa bize-de hoş habary wagyz etmegi tabşyrýar we ony dogry ýerine ýetirmegi öwredýär. Ol bize «Teokratik gulluk mekdebi» we «Gulluk duşuşygy» arkaly tälim berýär. Olar peýdaly bolar ýaly biz näme etmeli?
2. Teokratik gulluk mekdebi peýdaly bolar ýaly näme etmeli?
2 Teokratik gulluk mekdebi. Bu duşuşykda geçiriljek temalara öňünden taýýarlyk gör. Mekdepde çykyş edýän dogan-uýalaryň temany ulanyşyna ünsli bolsaň, öwretmek ukybyňy kämilleşdirip bilersiň (Sül. tym. 27:17). Duşuşyga geleniňde «Gulluk mekdebi» (rus.) kitabyňy ýa-da duşuşyga taýýarlyk göreniňde eden bellikleriňi getirmegi unutma. Mekdebiň gözegçisi kitaba salgylanyp, esasy pikirleri aýdanda, olaryň haýsysyny ulanmak isleýän bolsaň, aşagyny çyz ýa-da sahypanyň boş ýerlerine ýazyp al. Emma Teokratik gulluk mekdebinde çykyş etmeklik has-da peýdalydyr. Siz Mekdebe ýazyldyňyzmy? Onda ýumuşlara gowy taýýarlyk görüň we berlen maslahatlardan peýdalanyň. Duşuşykda alan tälimiňi wagyzda ulanmaga çalyş.
3. Gulluk duşuşygy peýdaly bolar ýaly näme edip bileris?
3 Gulluk duşuşygy. Bu duşuşykda geçiriljek temalary öňünden okap we soraglara jogap berer ýaly taýýarlyk görsek, gowy ýadymyzda galar. Eger gysgaça jogap bersek, başgalara-da gatnaşmaga mümkinçilik bereris. Sahnalary ünsli diňläň we netijeli wagyz etmäge kömek etjek pikirleri belläp alyň. «Hudaýa gullugymyzdaky» käbir makalalary gelejekde-de ulanyp biler ýaly aýawly saklaň.
4. Biz näme üçin Ýehowanyň berýän görkezmesini ulanmaly?
4 Nuh bilen Musa berlen tabşyrygyň aňsat bolmaýşy ýaly, bütin ýer ýüzünde hoş habary wagyz etmeklik hem aňsat däl (Mat. 24:14). Eger-de biz Beýik Mugallym Ýehowa bil baglasak we Onuň berýän görkezmesini ulansak, wagyzda üstünlik gazanarys (Iş. 30:20).