Hödürleriň nusgasy
Noýabr aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak
«Siziň pikiriňizçe, Hudaýa gulak asýan adamlar bagtlymy? (Jogap bersin). Biz näme üçin Hudaýa gulak asmaly? Birinjiden, Ol bizi ýaratdy. Şeýle-de biz Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edip, Oňa bolan söýgimizi görkezýäris (1 Ýahýa 5:3-i oka). Munuň bize nähili peýdasy bar? Hudaýyň tabşyryklary biziň bagtly ýaşamagymyza, gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşa gowuşmagymyza kömek edýär (Zebur 19:7, 11-nji aýatlary oka)». Ikilenç ideg etmek üçin şeýle sorag berip bilersiň: «Hudaýyň tabşyryklarynyň saglygymyza nähili peýdasy bar?»
Ýazgylara esaslanan gürrüňdeşlik
Siz özüňize şeýle sorag beripmidiňiz: «Durmuşyň manysy näme?»
• 1 Ýahýa 5:3 — durmuşymyzy manyly edýän iň gowy ýol — Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek
• 1 Timoteos 2:4 — Mukaddes Ýazgylary okasak, Hudaýyň bizden näme isleýändigini bilmäge kömek eder
Şu günler maşgalada kynçylyk köpelýär. Maşgalamyzy bagtly etmäge bize näme kömek edip biler?
• Efesliler 5:28 — är aýalyny öz teni kimin söýmelidir
• Efesliler 5:22 — aýaly äri bilen bäsleşik etmeli däl-de, söýgi bilen ony goldamaly