Hödürleriň nusgasy
Dekabr aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak
«Ähli adamlara dost gerek. Siz dostuňyzyň haýsy häsiýetini gowy görýärsiňiz? (Jogap bersin). Dosty saýgaryp saýlamagyň wajypdygy barada näme aýdylýandygyna üns beriň». Söhbetdeşiňize «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji dekabr aýynda çykan sanyny beriň. 16, 17-nji sahypalardaky sözbaşylaryň birine esaslanyp, gürrüňdeş boluň. Ondaky bir aýady okaň. Žurnaly hödürläp, ikilenç ideg etmek üçin sorag beriň.
«Soňky günlerde köp tebigy betbagtçylygyň bolýandygy barada oýlanyp gördüňizmi? (Jogap bersin). Üns berseňiz, bu hakda Mukaddes Ýazgylarda öňünden aýdylypdy (Matta 24:7, 8-nji aýatlary okaň). Bu žurnalda şu soraglara jogap berilýär: «Näme üçin şu günler tebigy betbagtçylyklar köp? Olar Allanyň berýän jezasymy? Biz Hudaýyň tizden tebigy betbagtçylyklary aýyrjakdygyna näme üçin ynanyp bileris?»
2 Timoteos 3:16-ny okaň. Soňra şeýle sorag beriň: «Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine ynanýarlar, käbirleri bolsa ynanmaýarlar. Siz nähili pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin). Bu sorag babatda adamlar dürli pikirde bolsalar-da, olaryň ählisi diýen ýaly, şu kitaba köp hüjüm edilendigi bilen ylalaşýarlar. Bu žurnalda adamlaryň Mukaddes Ýazgylary ýok etmek üçin ençeme asyrlap jan edendikleri, ony okatmazlyk üçin nähili garşylyklar görkezilendigi we onuň nädip saklanyp galandygy barada gürrüň berilýär».