Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/12 sah. 2
  • Adamlaryň işleýän ýerinde ynamly wagyz ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Adamlaryň işleýän ýerinde ynamly wagyz ediň
  • Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Adamlaryň işleýän ýerinde wagyz edip, tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Wagyz etmegiň täze usullary
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Taýýarlyk görüp, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Köçede wagyz etmegiň peýdasy
    Hudaýa gullugymyz — 2011
Hudaýa gullugymyz — 2012
km 3/12 sah. 2

Adamlaryň işleýän ýerinde ynamly wagyz ediň

1. Adamlaryň işleýän ýerinde näme üçin gorkman wagyz etmeli?

1 Sen adamlaryň işleýän ýerinde wagyz etmäge gorkýarsyňmy? Gorkýan bolsaň, gynanma, hatda batyrgaý we gaýduwsyz Pawlus resula-da wagyz eder ýaly, «gaýratlylyk» gerekdi (1 Sel. 2:2). Aşakda bu babatda käbir peýdaly maslahatlar berilýär.

2. Biz näme üçin işleýän adamlar gaharlanar öýdüp, gorkmaly däl?

2 Işleýän adamlaryň ünsüni sowsaň gaharlanarmy? Adamlaryň köpüsi köpçülik ýerinde işleýär we alyjylaryň olara ýüz tutjakdygyny bilýärler. Şonuň üçin köplenç olar alyjydyr öýdüp, siz bilen hem sypaýy gürleşer. Siz gowy geýnip, mähirli gepleşseňiz, olar size hormat goýarlar.

3. Alyjylar gaharlanmaz ýaly näme etmeli?

3 Adam kän wagty wagyz etmelimi? Mümkin boldugyndan, işgärler başagaý bolmadyk wagty, meselem, dükan ýaňy açylanda baryp bilersiň. Başlyk ýa-da işçi ýeke galýança garaşyp, soňra gysgaça wagyz edip bilersiň.

4. Adamlaryň iş ýerinde wagyz edenimizde, näme diýip bileris?

4 Men näme diýmeli? Wagyz etjek ýeriňde birnäçe işgär bolsa, olaryň jogapkärlisi bilen gürleş. Sen şeýle diýip bilersiň: «Şu günler işli adamlary öýünde tapmak kyn, şol sebäpli işleýän ýeriňize geldik. Siziň işlidigiňizi bilýärin, şonuň üçin köp wagtyňyzy almaryn». Satyjynyň özi soramasa, wagyz üçin meýletin sowgat barada aýtmasaňyz gowy bolar. Şeýtseňiz, ony oňaýsyz ýagdaýa salmarsyňyz. Edýän işlerine görä, işçiler bilen gysgaça gürleşmek üçin başlygyndan rugsat sorap bilersiňiz. Işçilere-de wagyz et. Eger işçiler işli görünse, gysgaça wagyz edip, kitapça ber. Işçiler bilen gürleşmäge mümkinçilik bolmasa, olaryň dynç alýan otagynda edebiýat goýup bilersiň.

5. Näme üçin adamlaryň işleýän ýerinde ynamly wagyz etmeli?

5 Isa-da, Pawlus-da adamlaryň iş ýerlerinde ynamly wagyz edýärdiler. Sen hem şeýle wagyz edip bilersiň (Mat. 4:18—21; 9:9; Res. iş. 17:17). Kalbyňda rahatlyk we batyrgaýlyk bolar ýaly, Ýehowadan kömek dile (Res. iş. 4:29). Öýünde tapyp bolmaýan adamlary, iş ýerlerine baryp, ökdelik bilen wagyz etsek gowy bolar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş