Wagyzda seresap boluň
1. Näme üçin wagyzda seresap bolmaly?
1 Hudaýyň gullukçylary «möjekleriň arasynda goýunlar ýaly», «egri hem azgyn nesliň ortasynda» gulluk edýär (Mat. 10:16; Flp. 2:14). Köplenç ähli ýerlerde raýatlaryň gulak asmaýanlygy, gahar-gazaply üýşüp topulýan adamlar we zalymlyk bilen adamlary talamak baradaky howsala salýan habarlary eşidýäris. Bu bolsa, kezzap adamlaryň «erbetlikde ýene ilerleýändigini» görkezýär (2 Tim. 3:13). Bize Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri wagyzda «akyldar» bolmaga kömek eder? (Mat. 10:16).
2. Haýsy ýagdaýlarda wagyz edýän ýerimizden gidip, başga ýerde wagyz etsek, paýhasly bolar?
2 Paýhasly boluň. Süleýmanyň tymsallary 22:3-de bela-beterden gizlenmek üçin, «paýhasly bolmak» nygtalýar. Şonuň üçin seresap boluň! Asuda ýerde-de ýagdaý duýdansyz üýtgäp biler. Sen köçede polisiýanyň köpelendigini ýa-da märekäniň üýşüp duranyny görmegiň mümkin. Kämahal mylakatly öý eýesi saňa seresap bolmagy duýdurar. Şonda bilesigelijilik bilen eglenmän, şol ýerden gidip, başga ýerde wagyz etseň, paýhasly bolar (Sül. tym. 17:14; Ýahýa 8:59; 1 Sel. 4:11).
3. Wagyzçy 4:9-daky prinsipe wagyzda nädip eýerip bileris?
3 Ýeke wagyz etmäň. Wagyzçy 4:9-da şeýle diýilýär: «Iki bolmak, bir bolmakdan gowudyr». Belki, siz howpsuz diýip, ýeke wagyz etmegi endik edenseňiz. Bu häzirem öňki ýaly howpsuzmyka? Käbir ýerde howpsuz. Emma käbir ýerlerde bolsa, aýratynam, uýa ýa-da ýaş dogan bolsaň, gün ýaşandan soň, öýden-öýe ýeke wagyz etmek howply. Hüşgär dogan-uýalar bilen wagyz etmegiň amatlydygy köpleriň tejribesinden görünýär (Wag. 4:10, 12). Topar bolup wagyz edilende, beýleki dogan-uýalaryň howpsuzlygy üçin, her birimiz hüşgär bolmaly. Gaýdanyňyzda, olara duýdursaňyz gowy bolar.
4. Biz ýygnakdaky dogan-uýalaryň howpsuzlygy üçin, näme edip bileris?
4 Ýaşulular «janymyz hakda hasabat berjekler hökmünde» ýerli ýagdaýa görä, peýdaly maslahatlar bermäge borçly (Ýew. 13:17). Biz pesgöwünli bolup, olaryň görkezmesine eýersek, Ýehowa pata berer (Mika 6:8; 1 Kor. 10:12). Geliň, mundan beýläk hem hemişe seresap bolup, netijeli wagyz edeliň.