«Ýaşlaryň sowallary. Men ömrümi nämä bagyş edeýin?» (2-nji bölüm)
«Ýaşlaryň sowallary. Men ömrümi nämä bagyş edeýin?» diýen filmiň esasy menýusyndan «Interwýu» diýen bölüme giriň we «Bölümleri» saýlaň. Filmi göreniňizden soň, 2-nji abzasdaky soraglara jogap tapyň. Soňra esasy menýudan «Goşmaça maglumaty» tapyp, ondaky bäş bölümi görüň we 3-nji abzasdaky soraglara jogap beriň.
Bölümler. «Ömrümi biderek geçireýinmi ýa-da ony Hudaýa bagyş edeýin?»: 1. Ýaşlara öňünde nähili maksatlary goýmaga höweslendirmeli? 2. 1 Ýahýa 2:17 ýaşlara nähili dünýewi bilim almagyň zerurdygyny bilmäge kömek edýär? 3. Näme üçin suwda çokundyrylmakdan gorkmaly däl? 4. Suwda çokundyrylmak maksadyna ýetmäge haýsy ädimler kömek edýär? «Gullukdan nädip lezzet alyp bolýar?»: 5. Näme üçin käbiri wagyz etmegi halamaýar? 6. Wagyz etmegi gowy görmäge haýsy zatlar kömek edýär? 7. Käbirleri nätanyş adamlar bilen gürrüňdeş bolmakdan has beter nämeden gorkýarlar we näme üçin? 8. Bize gorkyny ýeňip, batyrgaýlyk bilen geplemäge näme kömek eder? 9. Wagyz gullugynda tejribäňi ösdürmek näme üçin wajyp? «Ýehowa gulluk etmek üçin açyk gapy»: 10. Nädip pioner gullugy ruhy maksatlara ýetmäge ençeme mümkinçilik döredýär? (Flp. 3:16). 11. Näme üçin käbiri pioner bolup gulluk etmäge ýaýdanýar? 12. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri maddy taýdan döreýän aladalary ýeňmäge kömek edýär? 13. Käbirleri nädip hem pioner bolup gulluk edýär, hem-de gazanç edýär? 14. Eger doly wagtly gulluk etmäge ýagdaýymyz bolmasa näme etmeli?
Goşmaça maglumat. «Şahsy okuwyň ähmiýeti»: 15. Näme üçin şahsy okuwy geçirmegi endik edinmek wajyp? «Wagzyň dürli görnüşleri»: 16. Wagzyň dürli görnüşlerine gatnaşmak nädip köp şatlyk berer? «Beýtel gullugy»: 17. Beýtelde gulluk etmegiň pedaly taraplary näme? «Gullugy kämilleşdiriş mekdebi»: 18. Bu mekdepde okan doganlar nähili peýda aldylar? (Mekdebiň täze ady: Sallah doganlar üçin mekdep). «Missionerleriň Gilead mekdebi»: 19. Piter bilen Fiona missionerlik gullugyna nädip taýýarlyk gördüler we Gilead mekdebi olara nähili bereketler berdi?