Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/13 sah. 2
  • Sowally bukja

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sowally bukja
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • SMS ýazmak barada nämeleri bilmeli?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Men tehniki enjamlary köp ulanýarynmy?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Biraz gyzyklanýan adamlary hem ikilenç ideg et
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • «Men ony ýene-de öýünde tapyp bilmedim!»
    Hudaýa gullugymyz — 2014
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 4/13 sah. 2

Sowally bukja

◼ Ýygnak duşuşygynda we wagyzda el telefonyny ulanmak babatda Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsiplerine eýerse bolar?

«Her zadyň öz wagty bar» (Wag. 3:1). El telefony arkaly islendik wagtda biri bilen jaňlaşyp we hat ýazyşyp bolýar. Emma mesihçiler hemişe telefon sebäpli ünsüniň sowulmagyny islemeýär. Mysal üçin, ýygnak duşuşygynda biz Ýehowa sežde edýäris, Hudaý barada bilim alýarys we biri-birimizi ruhlandyrýarys (Kan. tag. 31:12; Zeb. 22:22; Rim. 1:11, 12). Biz ýygnak duşuşygyna gelende, telefony öçürsek we ýygnak gutaransoň gelen hatlary okasak, gowy bolardy. Birden garaşylmadyk waka ýüze çykanda, başgalaryň ünsüni sowmaz ýaly telefony ýuwaş edip goýmaly.

«Bulary Hoş Habarda paýym bolsun diýip, Hoş Habar üçin edýärin» (1 Kor. 9:23). Käwagt wagyzda el telefonyny ulanmaly bolýarys. Mysal üçin, ýolbaşçylyk edýän dogan territoriýanyň başga ýerinde wagyz edýän dogan-uýalara jaň edip, habarlaşyp bilýär. Käwagt wagyzçylar, esasanam, daş ýerde ýaşaýan gyzyklanýan adamy ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýäni idemek üçin öňünden jaň edýärler. Eger-de telefony ýanymyzda alsak, adam bilen gürleşip duran wagtymyz ünsümizi sowmaz ýaly, öňünden öçürip goýmaly (2 Kor. 6:3). Başga wagyzçylara garaşanymyzda, dostumyza jaň etmegiň ýa-da hat ýazmagyň deregine, wagza we ýanymyzdaky dogan-uýalara bar ünsümizi bersek, gowy bolar.

Başgalara hormat goý (1 Kor. 10:24; Flp. 2:4). Biz wagyz duşuşygynda we topar bilen wagyz edenimizde, hemişe birine jaň edip ýa-da hat ýazyp, biperwaý bolmak islemeýäris. Biz gijä galsak, köplenç topary täzeden bölmeli bolýar. Elbetde, käbir sebäplere görä, käwagt gijä galmagymyz mümkin. Emma biz wagtynda barmagy endik etsek, Ýehowanyň tertibine, ýolbaşçylyk edýän dogana we beýleki wagyzçylara hormat goýýandygymyzy görkezýäris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş