«Men ony ýene-de öýünde tapyp bilmedim!»
Sen hem gyzyklanan adam barada şeýle sözleri aýdypdyňmy? Hatda sen ony idemek üçin gaýta-gaýta barsaň-da, eken hakykat tohumyňy suwaryp bilen dälsiň (1 Kor. 3:6). Käte ökde wagyzçylar adamlary öýünde tapyp bilmese, hat ýazýarlar ýa-da onuň gapysynda kiçijik ýazgy goýup gaýdýarlar. Käbir wagyzçylar bolsa, adamlary öýünde tapyp bilmese, «Siziň bilen habarlaşyp biler ýaly telefon belgiňizi alyp bilerinmi?» diýip, hat ýazýarlar. Sen adama hat ýazsaň, elektron poçta arkaly habarlaşsaň, SMS ýazsaň, onuň gapysynda ýazgy goýsaň ýa-da jaň etseň, bularyň ählisi ikilenç ideg hasaplanýar. Görşümiz ýaly, adamy öýünde tapmak kyn bolsa-da, biz oňa ruhy taýdan kömek edip bilýäris.