Tohumy gögerer ýaly suwaryň
1. Tohum gögerer ýaly näme etmeli?
1 Ekin meýdanynda ekilen tohumyň gögermegi üçin, ony suwarmaly. Meýdançamyzdaky adamlaryň ýüregine ekilen hakykat tohumyny hem suwarmak gerek (1 Kor. 3:6). Eger biz onuň kök urup, gülläp-ösmegini islesek, wagyz eden adamlarymyzy ikilenç ideg etmeli we Hudaýyň Sözi arkaly «tohumy» suwaryp durmaly.
2. Ikilenç ideg etmek üçin näme edip bileris?
2 Sorag beriň. Siz wagyz etmek üçin hödür taýýarlanyňyzda, ikilenç ideg etmek üçin adamy gyzyklandyrjak soragy hem taýýarlasaňyz gowy bolar. Bu soragy gürrüňdeşligiň ahyrynda berip bilersiňiz. Wagyzçylaryň köpüsi «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly wagyz edýärler. Bu olara Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkezmäge kömek edýär.
3. Gyzyklanan adam barada nähili bellikleri edip bolar?
3 Bellik ediň. Adama wagyz edeniňizden soň, ol barada käbir bellikleri ediň. Meselem, onuň adyny, öý salgysyny, haçan we nä wagt wagyz edendigiňizi, näme hakda gürrüň edip, nähili edebiýat berendigiňizi ýazyp bilersiňiz. Ol haýsy dine uýýandygyny aýtdymy? Onuň maşgalasy barmy? Gyzyklanýan we biynjalyk edýän zatlary barada gürrüň etdimi? Bu maglumatlar size ikilenç ideg edeniňizde gürrüňe başlamaga kömek eder. Şeýle-de haçan ideg etjekdigiňizi we nähili soragy ara alyp maslahatlaşjakdygyňyzy belläň.
4. Ikilenç ideg eder ýaly näme üçin erjellik gerek?
4 Erjel boluň. Şeýtan adamlaryň «ýüreklerine ekilen... sözi» sogurmak üçin elinden gelenini aýamaýar (Mar. 4:14, 15). Siz hakykat bilen gyzyklanan adamy öýünde tapmasaňyz ruhdan düşmäň. Belki, siz oňa hat ýollap ýa-da gapysynda hatjagaz galdyrarsyňyz? Pioner uýa öýden-öýe wagyz edende, bir aýal bilen gapynyň agzynda Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar. Emma ol aýaly ençeme wagtlap öýünde tapyp bilmän, oňa hat ýazmaly bolýar. Hat aýala güýçli täsir edýär. Üç günden soň, uýa ony öýünde tapýar, şonda aýal oňa hat üçin minnetdarlyk bildirýär. Hawa, hakykat tohumyny suwarsak, onuň baldak çykaryp, ösüşini we olaryň «käbiriniň otuz, käbiriniň altmyş, käbiriniň hem ýüz esse hasyl berendigini» görüp örän begeneris (Mar. 4:20).