«Siz meniň edebiýatymy alsaňyz, men hem siziňkini alaryn»
Käbir adamlar bize şeýle teklip edýärler. Biz Mukaddes Ýazgylar öwrenilýän gollanmany ýalan zatlary öwredýän edebiýatlara çalyşmaýandygymyzy nädip sypaýyçylykly düşündirip bileris? (Rim. 1:25). Biz şeýle diýip bileris: «Edebiýaty hödür edeniňize sag boluň, ýöne onda adamlaryň kynçylygyny çözüp bolýandygy barada aýdylýarmy? (Jogap bersin. Eger ol soragyň jogabyny öz edebiýatyndan okap tapmagy teklip etse, onda sen adamlara edebiýatyň mazmunyny ilki düşündirip, soňra hödür edýändigiňi ýatladyp bilersiň. Soňra Matta 6:9, 10-njy aýatlary okap beriň ýa-da ýatdan aýdyň). Isa pygamber diňe Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzünde Hudaýyň islegini amala aşyrjakdygyny aýdypdy. Meniň okaýan edebiýatlarymda esasanam Hudaýyň Patyşalygy barada aýdylýar. Men size Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň Patyşalygynyň nämeler etjekdigini görkezip bilerinmi?»