Gyzyklanan adam barada ýazgy ýöredip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Pawlus resul Timoteosa: «Özüňe hem taglymata dykgat et» diýip maslahat beripdi (1 Tim. 4:16). Bu maslahat hemmelere, ýagny täze wagyzçylara-da, tejribeli wagyzçylara-da degişli. Sebäbi biziň hemmämiz wagyz etmek tejribämizi artdyrmaly. Bu babatda «Hudaýa gullugymyzyň» şu we indiki sanlarynda çykjak «Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň» diýen makalalar bize kömek eder. Her bir makalada esasy we wajyp ädimlere serediler hem-de birnäçe maslahat berler. Aýyň dowamynda ähli wagyzçylar şol ädimlere aýratyn üns bermeli. Aýyň soňunda bolsa, gulluk duşuşygynda maslahata nädip eýerendigimizi gürrüň bermäge we tejribämiz bilen paýlaşmaga mümkinçiligimiz bolar. Şu aý biziň ählimiz gyzyklanan adamlar barada ýazgy ýörederis.
Bu näme üçin wajyp? Biz ýöne bir wagyz etmek bilen çäklenmeli däl. Biz gyzyklanan adamlary ideg etmeli we olaryň ýüreginde eken hakykat tohumymyzy suwaryp durmaly (Mat. 28:19, 20; 1 Kor. 3:6—9). Munuň üçin gyzyklan adamy idemeli, ony gyzyklandyrýan tema barada gürrüň etmeli we indiki sapar başlan gürrüňimizi dowam etmeli. Ine, şonuň üçin biz gyzyklanan adamlara duşanymyzda ýazgy ýöretmeli.
Muny bir aýyň dowamynda ediň:
Siziň bilen wagyz edýän dogana ýa-da uýa gyzyklanan adam barada ýazan zatlaryňyzy gürrüň beriň.