Web-saýt baradaky täze kitapça
Bu kitapçanyň ady «Wajyp soraglara kim jogap berip biler?». Kitapçanyň arka tarapynda üç sany sorag ýerleşdirilen. Mümkinçilik dörände, adamdan bu üç soragyň haýsysy ony has gyzyklandyrýandygyny soraň we soraglaryň jogabyny tapmak üçin jw. org/tk web-saýtymyza girmegi maslahat beriň. Şeýle-de adam şu soraglaryň jogaplaryny tapyp biler: «Hudaýyň Patyşalygy näme? Ol nämeler eder?»
Hudaýyň Patyşalygy arkaly gelejekde nähili ýaşaýşyň boljakdygy barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini adamlara bilmäge kömek etmek üçin web-saýtymyza nädip girmelidigini ýatda saklaň we salgysyny olara ýazyp beriň.