Sowally bukja
◼ Ýygnak duşuşyklarynda kim doga etmeli?
Ýygnakda doga etmek Hudaýa sežde etmegiň wajyp bölegi hasaplanýar. Ýehowa başgalar üçin doga etmek uly hormat we jogapkärçilik. Şol sebäpli ýygnak ýaşululary duşuşyklarda haýsy doganyň doga etmelidigini çözende paýhasly bolmaly. Suwda çokundyrylan ýygnakda doga edýän doganlar ruhy taýdan ösen göreldeli we hormatlanýan Hudaýyň gullukçylary bolmaly. Olaryň sylag-hormat bilen edýän dogasy Ýehowa Hudaý bilen ýakyn gatnaşykdadygyny görkezmeli. Ýygnakda doga edýän doganlar 1999-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) «Elleriňizi mukaddeslikde galdyryp, doga ediň», 1986-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) «Başgalaryň öňünde pesgöwünlik bilen doga ediň» we 2009-njy ýylyň 15-nji noýabrynda çykan «Dogalaryň sen barada nämäni aýan edýär?» diýen makalalardan peýdaly wajyp prinsipleri tapyp bilerler.
Eger dogan ynama girmedik ýa-da özüni geleňsiz alyp barýan hökmünde tanalýan bolsa, ýaşulular ondan doga etmegi haýyş etmeýär. Şeýle-de nägilelik bildirýän ýa-da özüniň düşünişmezligi barada ýygnakda doga edýän dogan hem talaba laýyk gelmeýär (1 Tim. 2:8). Eger ýetginjek dogan suwda çokundyrylan bolsa-da, ýaşulular onuň ýygnakda doga etmek üçin ruhy taýdan ýetişendigine göz ýetirmeli (Res. iş. 16:1, 2).
Eger toparda talaba laýyk gelýän dogan bolmasa, wagyz duşuşygynda käte uýa hem doga edip bilýär. Emma uýa başyny örtmeli. Eger haýsydyr bir wagyz duşuşygyny geçirmäge talaba laýyk gelýän dogan bolmasa, ýaşulular talaba laýyk gelýän uýany duşuşygy geçirmäge belleýärler.
Adatça, ýörite geçirilýän duşuşyklaryň başynda gözegçi doganyň özi doga edýär. Emma başga ýygnak duşuşyklarynda programmanyň başynda we ahyrynda kim çykyş eden bolsa, şol doganlaryň ilkinji hem-de jemleýji dogany etmegi hökman däl. Eger ýygnakda talaba laýyk gelýän doganlar bar bolsa, şolardan doga etmegi haýyş edip bilersiňiz. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, ýygnakda doga edýän dogan aýtjak zatlaryna taýýarlanyp biler ýaly, oňa öňünden duýdurmaly. Şonda ol geçirilýän duşuşyk bilen baglanyşykly we ýürekden doga edip biler.
Uzyn doga etmek hökman däl. Eger dogan dik durup, aýdyň we eşidiler ýaly doga etse, oňa düşünmek aňsat bolýar. Bu ýygnaga gelenleriň ählisine eşitmäge we soňunda ýürekden «Omyn!» diýmäge mümkinçilik berýär (1 Ýyl. 16:36; 1 Kor. 14:16).