Täze wideoroligi görkezip, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaň
Biziň jw.org saýtymyzda «Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň näme peýdasy bar?» atly gysga wideorolik çykdy. Bu wideorolik arkaly adamlary mugtuna Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga gyzyklandyryp bileris. Ony saýtymyza girip, görkezip bilersiňiz. Aşakda wideoroligi nädip görkezip bolýandygy düşündirilýär.
• Ikilenç ideg edenimizde şeýle diýip bileris: «Mukaddes Ýazgylardan soraglara nädip jogap tapyp bolýandygyny wideorolik arkaly görkezsem bolarmy?» Ol razylaşsa, wideoroligi telefonyňyzdan ýa-da kompýuteriňizden görkeziň.
• Eger köçede ýa-da resmi däl ýagdaýda wagyz edýän bolsaňyz, adama jw.org saýtymyzyň belgisini ýazyp berip, oňa telefon arkaly girmegi teklip ediň. Mümkin bolsa, wideoroligi onuň telefonyndan açyp görkeziň.
• Işgärleriňiz, klasdaşlaryňyz, dogan-garyndaşlaryňyz we tanyş-bilişleriňiz bilen gürrüňdeş bolanyňyzda wideoroligi görkeziň. Ýa-da wideoroligi olara elektron poçta arkaly iberip, görmegi teklip ediň. Eger wideorolik telefonyňyzda bar bolsa, (blutuz ýa-da başga usul arkaly) işgärleriňize, dogan-garyndaşlaryňyza we tanyş-bilişleriňize geçiriň.
Biz täze wideoroligi adamlara görkezip, has köp Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap, «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenlere» ruhy taýdan kömek edip bileris (Res. iş. 13:48).