Näme üçin eglenmän wagza gitmeli?
Biz Wagyz duşuşygynda dogan-uýalar bilen görşenimizde, olar bilen gürrüňdeş bolasymyz gelýär. Emma wagyz duşuşygy gutaran badyna biz derrew wagza gitmeli. Wagyz işimiz gaýragoýulmasyzdyr (2 Tim. 4:2). Eger biz gürrüň edip dursak, wagyz etmäge wagtymyz az bolar. Dogan-uýalar bilen wagyz edenimizde, abatlaýjy gürrüňler etmäge mümkinçiligimiz bolýar. Biz eglenmän wagza gitsek, Ýehowa we Isa yhlasly gulluk edýändigimizi görkezeris (Rim. 12:11).