«Hudaýyň Sözünden näme öwrenýäris?» atly broşýura arkaly gürrüňe başlaň
1. Biz wagyz üçin nähili edebiýat aldyk?
1 Geçen ýyl welaýat kongresinde «Hudaýyň Sözünden näme öwrenýäris?» atly broşýuranyň çykandygy yglan edildi. Bu täze broşýurany wagyzda nädip ulanyp bileris? Soraglaryň aşagynda getirlen aýatlar gürrüňe başlamaga kömek eder.
2. Wagyzda «Hudaýyň Sözünden näme öwrenýäris?» atly broşýurany nädip ulanyp bileris?
2 Siz 8-nji soragy saýlap, şeýle diýip bilersiňiz: «Biz goňşularyňyza köp adamlary gyzyklandyrýan şeýle soragy berýäris: „Adamlaryň horluk çekýändigine Hudaý günäkärmi?“ (käbir ýerlerde adama soragy açyp görkezseň, has gowy täsir edýär). Siz nähili pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda şu soraga jogap berilýär». Mukaddes Ýazgylardan bir ýa-da birnäçe aýady okap beriň. Adam gyzyklansa, broşýuradaky 20 soragy görkezip, indiki sapar haýsy soragyň jogabyny bilesi gelýändigini soraň. Ýa-da ýaňy sereden soragyňyza giňişleýin jogap berýän edebiýat arkaly gürrüňdeş bolmagy teklip edip bilersiňiz.
3. «Hudaýyň Sözünden näme öwrenýäris?» atly broşýura arkaly hristian dinine uýmaýan adamlar bilen nädip gürrüňe başlap bileris?
3 Broşýuranyň 4, 13—17-nji soraglaryny hristian dinine uýmaýan adamlara wagyz edeniňizde ulanyp bilersiňiz. Meselem, 17-nji soragdaky maglumaty ulanyp, şeýle diýip bilersiňiz: «Biz adamlar bilen maşgala barada gysgaça gürrüň edýäris. Şu günler maşgalada köp kynçylyklar bolýar. Siz munuň bilen ylalaşýarsyňyzmy? (Jogap bersin). Är-aýalyň köpüsi: «Aýal ärini sylasyn» diýen sözleriň peýdalydygyna göz ýetirdiler. (Eger siz aýal maşgala bilen gepleşseňiz, Efesliler 5:28, 29, 33-nji aýatlary okaň). Siziň pikiriňizçe, maşgalada şu maslahata eýerseler peýdaly bolarmy?»
4. Hristian dinine uýmaýan adam bilen gürleşensoň näme diýip bilersiňiz?
4 Gürrüňdeşligiň soňunda indiki sapar näme hakda gürrüň etjekdigiňiz barada gepleşiň. Belki, siz sereden soragyňyzyň başga aýatlaryna seretmegi teklip edersiňiz. Ýerlikli bolsa, gyzyklanýan adama aýdan sözleriňiziň Mukaddes Ýazgylardan alnandygyny aýdyp bilersiňiz (şeýle-de 2013-nji ýylyň dekabr aýynda çykan «Hudaýa gullugymyza» seret).