Wagyz üçin teklip
◼ «Durmuşyň agyrlaşýandygyny göz öňünde tutsaň, Isa pygamberiň gaýgy etmäň diýen maslahatyna paýhasly diýip bolarmy? (Matta 6:25-i okaň we jogap bersin). Hudaýyň Sözündäki prinsiplere eýerseň, pul, maşgala we howpsuzlygyň bilen bagly kynçylyklary azaltmaga kömek edýär». «Hakyky iman» atly broşýuranyň 3-nji bölümindäki käbir mysallary ulanyp, gürrüňdeşligi dowam ediň.
◼ «Şu günler adamlaryň köpüsi durmuşynda bolýan ýagdaýlar sebäpli göwnüçökgün bolýar. Siz munuň bilen ylalaşýarsyňyzmy? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda kynçylyga uçranymyzda garaýşymyzyň wajypdygy nygtalýar. Süleýmanyň tymsallary 24:10-daky: «Aladaly günde tapdan düşseň, kuwwatyň azdyr» diýen sözleri okaň. Eger-de Mukaddes Ýazgylar ýanyňyzda bolmasa, aýady ýatdan aýdyň. Bu broşýurada kynçylyklary nädip çözüp bolýandygy we şeýle kynçylyklara hötde gelen käbir adamlaryň mysallary getirilýär». «Hakyky iman» atly broşýuranyň 3-nji bölümindäki käbir mysallary ulanyp, gürrüňdeşligi dowam ediň.