Adamlaryň işleýän ýerinde wagyz edip, tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Köp adamlar her gün ençeme sagatlap işleýändigi sebäpli, olara işleýän ýerinde hoş habary wagyz etsek gowy bolar. Adamlaryň işleýän ýerinde wagyz etmek şatlyk getirýär we gowy netije berýär. Sebäbi adamlar iş ýerinde müşderiler bilen özüni sypaýy alyp barjak bolup jan edýärler. Wagyzçylar netijeli wagyz eder ýaly sypaýy hem paýhasly bolmaly, gowy geýnip, daş keşbine üns bermeli (2 Kor. 6:3). Şol sebäpli wagyz gözegçisi adamlaryň işleýän ýerinde näçe wagtdan we kimiň wagyz edýändigine gözegçilik etmeli.
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Eger doganlar sizden adamlaryň işleýän ýerinde wagyz etmegi haýyş etseler, maşgala okuwynda gysgaça teklibi sahnalaşdyryň.