Gyzyklanýan adamlara okuwa taýýarlanmagy öwredip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlar ruhy taýdan ösmek üçin Hudaýyň Sözündäki esasy taglymatlary bilmek bilen çäklenmän, eýsem pikirini we ýüregini ruhy taýdan iýmitlendirip durmaly (Ýew. 5:12—6:1). Munuň üçin köp tagalla etmeli, ýagny öňki bilýän zatlaryňdan başgada maglumatlary kabul etmeli we olaryň peýdalydygyna düşünmeli (Sül. tym. 2:1—6). Gyzyklanýan adamlar özbaşdak gözleg geçirmegi öwrenseler, Mukaddes Ýazgylardaky soraglara edebiýatlarymyzyň kömegi bilen jogap tapyp bilerler. Şeýle-de olar köp tagalla etmek bilen, bilimini artdyryp, synaglarda berk durup bilerler (Luka 6:47, 48).
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Her sözbaşynyň ýa-da babyň ahyrynda gyzyklanýan adamdan näme öwrenendigini gysgaça gürrüň bermegini haýyş ediň. Eger siz okuw geçirmeýän bolsaňyz, onda özbaşdak okamak tejribäňizi artdyrmak üçin Mukaddes Ýazgylaryň bir babyny ýa-da «Garawul diňi» žurnalyndan bir abzasy okap, nähili düşünendigiňiz barlap görüň.