Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb16 Sentýabr sah. 8
  • Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, şu ýalňyşlary goýbermäň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, şu ýalňyşlary goýbermäň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
  • Meňzeş maglumat
  • Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Sada dilde düşündiriň
    Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris
    Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
mwb16 Sentýabr sah. 8

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, şu ýalňyşlary goýbermäň

Çap edilen görnüşi
Dogan okuw geçirende köp gepleýär

Köp geplemäň. Siz ähli zady özüm düşündirmeli diýip pikir etmäň. Isa adamlara sorag berip pikirlenmäge we dogry karara gelmäge kömek edýärdi (Mt 17:24—27). Soraglar okuwy täsirli geçirmäge we okuw geçýän adamyň düşünişini hem kabul edişini bilmäge kömek edýär (be sah. 253, abz. 3, 4). Sorag bereniňizden soň jogap berýänçä sabyrly garaşyň. Eger okuw geçýän adam nädogry jogap berse, dogry jogaby aýtmaga derek, goşmaça soraglary berip, onuň özi dogry netijä geler ýaly kömek ediň (be sah. 238, abz. 1, 2). Okuw geçýän adam täze pikirlere doly düşüner ýaly, howlukman gepläň (be sah. 230, abz. 4).

Adamyň näme üçin garraýandygy barada jikme-jik maglumat bermek

Çylşyrymly düşündirmäň. Geçýän temaňyz barada birbada ähli zady gürrüň bermekden gaça duruň (Ýah 16:12). Abzasyň esasy pikirine üns beriň (be sah. 226, abz. 4, 5). Jikme-jik gürrüň bermeklik, hatda gyzykly bolsa-da, esasy pikirden ünsüňi sowup bilýär (be sah. 235, abz. 3). Okuw geçýän adam esasy pikire düşünen bolsa, indiki abzasa geçiň.

Dogan köp maglumat berip, okuw geçýäniň başyny çaşyrýar

Temadan çykmaň. Biziň maksadymyz ýöne bir sapak geçmek däl-de, adamyň ýüregine täsir etmek (Lk 24:32). Geçilýän temanyň esasy aýatlaryna üns beriň. Şonda Hudaýyň Sözi adama güýçli täsir eder (2Kr 10:4; Ýew 4:12; be sah. 144, abz. 1—3). Ýönekeý mysallary ulanyň (be sah. 245, abz. 2—4). Adamyň ýagdaýyny we dini garaýşyny göz öňünde tutup, sapagy şoňa görä geçiň. Şeýle soraglary beriň: «Şu ýerde öwrenen zatlaryň barada näme pikir edýärsiň? Biz mundan Ýehowa barada näme öwrenýäris? Şu maslahata eýermegiň saňa nähili peýdasy bar?» (be sah. 238, abz. 3—5; sah. 259, abz. 1).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş