50-NJI SAPAK
Adamlaryň ýüregine täsir etmek
BIZ adamlara diňe wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň ýüregine täsir etjek bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan ýürek sözi, köplenç, adamyň daşky keşbini däl-de, onuň içki dünýäsini aňladýar. Göçme manydaky ýürek adamyň duýgularyny, pikirlerini, näme üçin şeýle pikir edýändigini we bu onuň hereketine nähili täsir edýändigini görkezýär. Mukaddes Ýazgylardaky hakykat adamyň göçme manydaky ýüreginde ekilýär (Mat. 13:19). Hudaýa gulak asmak islegi-de adamyň ýüreginde döreýär (Sül. tym. 3:1; Rim. 6:17).
Öwredýän zatlarymyz adamyň ýüregine ýeter ýaly şu üç zady göz öňünde tutmaly: 1) Adamyň ýüregine öň nämeleriň täsir edendigini bilmeli. 2) Söýgi we Hudaýdan gorky ýaly gowy häsiýetleri ösdürmäge kömek etmeli. 3) Adam Ýehowanyň göwnünden turar ýaly, ony ýüregini barlamaga höweslendirmeli.
Düşgür bolmaly. Adamlar Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty dürli sebäplere görä kabul etmeýärler. Adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, ähtimal, siz oňa öňden galan ters düşünjesini ýeňmäge ýa-da nädogry pikirlerini düzetmäge kömek etmek üçin delilleri getirmäge çalyşýansyňyz. Özüňize şeýle sorag beriň: «Bu adam ruhy zerurlyklarynyň bardygyna düşünýärmi? Ol nämelere ynanýar, nämelere ynanmaýar? Ol näme üçin şeýle pikir edýär? Oňa Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryna görä hereket etmäge päsgel berýän höwesleri ýeňmäge kömek etmelimi?»
Adamyň näme üçin belli bir zatlara ynanýandygyna düşünmek hemişe aňsat bolmaýar. Süleýmanyň tymsallary 20:5-de: «Maslahat ynsanyň ýüreginde çuň suw ýalydyr; düşünjeli (düşgür, TD) adam bolsa ony çekip çykarar» diýilýär. Düşgür adam ilkibada göze görünmeýän zatlary aňşyryp bilýär. Munuň üçin adama ünsli bolmaly we onuň ýürekden aladasyny etmeli.
Adamyň garaýşyny diňe onuň sözünden bilip bolmaýar. Belli bir tema hakda gürrüň edeniňizde adamyň ýüz-gözüniň hereketi ýa-da sesiniň äheňi üýtgemegi mümkin. Ata-eneler çagalarynyň hereketinden olaryň täze zatlary ýa-da duýgulary başdan geçirýändigini bilýärler. Adamda bolýan şeýle özgerişliklere ýa-da hereketlere sowuk-sala garamaň. Sebäbi olar adamyň içki dünýäsini aýan edýär.
Gowy taýýarlanan soraglar adamyň ýüregini bilmäge kömek edýär. Siz şeýle soraglary berip bilersiňiz: «Siz... barada näme pikir edýärsiňiz?», «Sizi... näme ynandyrdy?», «Eger... ýaly ýagdaý ýüze çyksa, siz näme edersiňiz?» Emma adama sorag baryny ýagdyrmajak boluň. Siz bu soraglary bermezden öň, oňa sypaýyçylyk bilen şeýle diýip bilersiňiz: «Size bir sorag bersem bolýarmy?» Adamyň ýüregindäkini bilmek üçin howlukman, köp tagalla etmeli bolýar. Köplenç, adam bize ynanyp, içki duýgularyny aýdýança wagt gerek bolýar. Emma şonda-da, adamyň durmuşyna goşulmaz ýaly seresap bolmaly (1 Pet. 4:15).
Adamyň aýdýan zatlaryna dogry garaýyşda bolmak üçin düşgür bolmaly. Siziň maksadyňyz adamyň ýagdaýyna düşünip, Mukaddes Ýazgylardaky haýsy maglumatyň ony hereket etmäge höweslendirjekdigini anyklamakdyr. Adamyň nädogry pikirini paş etmekden ägä boluň. Muňa derek, onuň aýdýan sözlerinden nähili duýgulary başdan geçirýändigine düşünjek boluň. Şonda siz oňa näme jogap bermelidigini bilersiňiz. Siziň bilen okuw geçýän adam hem onuň duýgularyna düşünýändigiňize göz ýetirer we siziň aýdýan zatlaryňyza çynlakaý garar (Sül. tym. 16:23).
Siz köp adamlaryň öňünde çykyş edeniňizde-de, olary hereket etmäge höweslendirip bilersiňiz. Eger siz diňleýjilere seredip çykyş etseňiz, olaryň ýüz-gözüniň hereketlerine ünsli bolsaňyz we oýlandyryjy soraglary berseňiz, onda siziň aýdýan zatlaryňyza olaryň nähili garaýandygyna düşünip bilersiňiz. Eger siz diňleýjileri gowy tanaýan bolsaňyz, olaryň ýagdaýlaryna düşünýändigiňizi görkezjek boluň. Ýygnakdaky dogan-uýalaryň garaýşyny göz öňünde tutup, olar bilen Mukaddes Ýazgylaryň esasynda pikir alyşmaga çalşyň (Gal. 6:18).
Adamyň ýüreginde gowy duýgulary döretmäge çalşyň. Siz adamyň nämä ynanýandygyny we näme üçin ynanýandygyny hem-de nämelere ynanmaýandygyny bileniňizden soň, şoňa görä gürrüňdeş boljak boluň. Isa direlenden soň, şägirtlerine bolup geçen wakalary «Ýazgylar» arkaly «düşündirende», olaryň ýüregine güýçli täsir edipdi (Luka 24:32). Şonuň ýaly, siz hem adamyň başdan geçirýän wakalaryny we onuň isleglerini Hudaýyň Sözünde aýdylýan zatlar bilen baglanyşdyrmaga jan ediň. Şonda siz okuw geçýän adamyň ýüregine täsir edip bilersiňiz we ol eşiden zatlaryna: «Bu, dogrudan-da, HAKYKAT!» diýer.
Okuw geçýän adam bilen Ýehowanyň edýän ýagşylygy, söýgüsi, merhemeti we onuň adyl ýollary barada gürrüň etseňiz, siz oňa Hudaýa bolan söýgüsini artdyrmaga kömek edersiňiz. Siz adama Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri barada gürrüň bermek üçin wagt sarp etseňiz, ol Ýehowa bilen dostlaşyp bolýandygyna göz ýetirer. Munuň üçin okuw geçýän adam bilen Zebur 139:1—3, Luka 21:1—4 we Ýahýa 6:44 ýaly aýatlary okap bilersiňiz. Şeýdip, siz adama Ýehowanyň öz wepaly gullukçylaryna söýgi bilen ýakynlaşýandygyna düşünmäge kömek edersiňiz (Rim. 8:38, 39). Şeýle-de Ýehowanyň biziň ýalňyşlyklarymyza däl-de, bütin durmuşymyza, oňa sežde etmek üçin edýän tagallalarymyza we onuň adyna bildirýän söýgimize üns berýändigini düşündiriň (2 Ýyl. 19:2, 3; Ýew. 6:10). Ýehowanyň hatda adamlaryň ujypsyz aýratynlyklaryny-da ýatda saklap bilýändigini we «gabyrdakylaryň hemmesini» direltjekdigini aýdyň (Ýahýa 5:28, 29; Luka 12:6, 7). Adamlar Hudaýyň keşbinde ýaradylandygy sebäpli, Ýehowanyň häsiýetleri barada gürrüň edilende okuw geçýän adamyň ýüregine güýçli täsir edip bilýär (Gel. çyk. 1:27).
Okuw geçýän adam başgalara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwrenende, ol öz ýüregini özgerdip bilýär. Hudaý hemme adamlara — olaryň alan terbiýesine, milletine we tire-taýpasyna garamazdan — söýgi bildirýär (Res. iş. 10:34, 35). Adam bu zatlara düşünende, onda ýüregindäki ýigrenç duýgyny we öňden galan ters pikiri aýyrmaga höwes döreýär. Bu bolsa oňa Hudaýyň islegini berjaý etmegi öwrenip, başgalar bilen parahat ýaşamaga ýardam eder.
Şeýle-de siz adama ýüreginde Hudaýdan gorkyny ösdürmäge kömek etmeli (Zeb. 111:10; Ylh. 14:6, 7). Şeýle gorky we Hudaýa bolan uly hormat adama başarmaýan zadyny etmäge güýç berip biler. Ýehowanyň ägirt uly we ajaýyp işleri hem-de adamlara bolan merhemeti barada gürrüň etseňiz, siz okuw geçýän adama Hudaýa ýaramly gorkyny ösdürmäge kömek edersiňiz (Zeb. 66:5; Ýer. 32:40).
Okuw geçýän adamlara edýän işlerine Ýehowanyň biparh garamaýandygyna düşünmäge kömek ediň. Hudaýyň duýgulary bar, şol sebäpli biz onuň maslahatlaryna gulak asyşymyz bilen ony begendirip ýa-da gynandyryp bilýäris (Zeb. 78:40—42). Olaryň özüni alyp barşy bilen Şeýtanyň Hudaýa atan töhmetine jogap berip bilýändigini düşündiriň (Sül. tym. 27:11).
Diňleýjilere Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asmagyň peýdalydygyna düşünmäge kömek ediň (Iş. 48:17). Meselem, Hudaýyň paýhasly maslahatlaryny sähel wagtlyk inkär etmeklik hem beden we duýgy taýdan kynçylyk döredip biljekdigini görkezip bilersiňiz. Günäniň bizi Hudaýdan daşlaşdyrýandygyny, adamlara bizden hakykaty öwrenmäge päsgel berýändigini we başga-da kynçylyklary döredýändigini düşündiriň (1 Sel. 4:5, 6). Diňleýjilere Hudaýyň kanunlaryny berjaý edýändigi üçin alýan bereketleriniň gadyryny bilmäge kömek ediň. Ýehowanyň ýolunda ýöremegiň köp betbagtçylyklardan goraýandygyna düşünmäge we munuň üçin minnetdar bolmaga ýardam ediň. Eger adam Hudaýyň ýolunyň paýhaslydygyna göz ýetirse, ol Ýehowanyň kanunyna garşy gelýän zatlary inkär edip biler (Zeb. 119:104). Ol Hudaýa gulak asmaklygyň ýük däl-de, eýsem, Ýehowa söýgüsini bildirmäge mümkinçilik berýändigine düşüner.
Adamlara ýüregini barlamaga kömek ediň. Adam ruhy taýdan ösmegini dowam eder ýaly, ol ýüregini barlamaly. Bu babatda oňa Mukaddes Ýazgylaryň nädip kömek edip bilýändigini düşündiriň.
Diňleýjileriňize Mukaddes Ýazgylaryň diňe bir kada-kanunlardan, maslahatlardan, taryhy wakalardan we pygamberliklerden ybarat däldigine düşünmäge kömek ediň. Bu kitapda Hudaýyň pikirleri-de açyk görkezilýär. Ýakup 1:22—25-nji aýatlarda Hudaýyň Sözi aýna bilen deňeşdirilýär. Mukaddes Ýazgylardaky ýazylan zatlara we Ýehowanyň öz niýetini nädip amala aşyrýandygyna seslenişimiz biziň ýüregimiziň nähilidigini aýan edýär. Bu bize «ýürekleri barlaýan» Hudaýyň adamlara nähili garaýandygyna düşünmäge kömek edýär (Sül. tym. 17:3). Diňleýjileri muny ýatda saklamaga höweslendiriň. Olary Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň biziň üçin ýazdyran zatlary we onuň göwnünden turar ýaly durmuşda nähili özgerişikleri etmelidigi hakynda oýlanmaga höweslendiriň. Şeýle-de olara Mukaddes Ýazgylary okamak arkaly Ýehowanyň «ýüregiň düşünjeleridir niýetlerini» nädip barlaýandygyna we Hudaý bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin nähili özgerişikleri etmelidigine düşünip bolýandygyny aýdyň (Ýew. 4:12; Rim. 15:4).
Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýänleriň käbiri öwrenýän zatlaryna görä ýaşamak isleýän bolsalar-da, adamlar olar hakda näme pikir eder diýip biynjalyklanýarlar. Ähtimal, olar ten höweslerine garşy göreşýändirler. Ýa-da olar hem Hudaýa gulluk edip, hem öňki endiklerini goýman ýaşap bilerin öýdýändirler. Emma olara şeýle etmegiň howpludygyny düşündiriň (1 Pat. 18:21). Olary ýüregini barlap, ony düzedip biler ýaly Hudaýa doga etmäge höweslendiriň (Zeb. 26:2; 139:23, 24).
Olaryň ten höweslerine garşy göreşýändigine Ýehowanyň düşünýändigini we Mukaddes Ýazgylarda bu babatda näme diýilýändigini görkeziň (Rim. 7:22, 23). Olara bikämil ýüregiň erbet höweslerine ýan bermez ýaly paýhasly bolmaga kömek ediň (Sül. tym. 3:5, 6; 28:26; Ýer. 17:9, 10).
Okuw geçýän adamlary näme üçin käbir zatlary edýändigini barlamaga höweslendiriň. Olar özlerine şeýle soraglary berseler gowy bolar: «Men muny näme üçin edesim gelýär? Bu Ýehowanyň meniň üçin eden zatlaryna minnetdardygymy görkezermi?» Adama Ýehowa bilen ýakyn dostlukdan gymmat zadyň ýokdugyna doly düşünmäge kömek ediň.
Diňleýjilere Ýehowa «bütin kalbyň» bilen gulluk etmegiň wajypdygyna düşünmäge kömek ediň (Luka 10:27). Munuň üçin olar öz duýgularyny, isleglerini we niýetlerini Ýehowanyň kada-kanunlaryna laýyk geler ýaly etmeli. Şol sebäpli okuw geçýän adamlara diňe bir näme etmelidigine däl-de, eýsem, Hudaýyň talaplaryna nähili garamalydygyna we oňa gulluk etmäge olary nämäniň höweslendirmelidigine düşünmäge ýardam etmeli (Zeb. 37:4). Okuw geçýän adam durmuşynda nämäni özgertmelidigine göz ýetirende, ony: «Adyňdan gorkar ýaly, ýüregimi ýeke Özüňe bagla» diýip, Ýehowa doga etmäge höweslendirmeli (Zeb. 86:11).
Okuw geçýän adam Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşyp başlanda, ol ýöne bir siziň aýdýandygyňyz sebäpli däl-de, eýsem, öz imany arkaly Hudaýa gulak asyp başlar. Şonda ol «Rebbiň pisindi oturjak zady aňlajak bolup» jan eder (Efes. 5:10; Flp. 2:12). Ýürekden gulak asmaklyk Ýehowany örän şatlandyrýar (Sül. tym. 23:15).
Diňe Ýehowa ýürekleri görüp bilýändigi sebäpli adamlary özi bilen dostlaşdyryp, özüne çekip bilýär (Sül. tym. 21:2; Ýahýa 6:44). Biz Hudaýyň ýöne bir işdeşleridiris (1 Kor. 3:9). Ýehowa adamlara «biz arkaly haýyş edýän ýaly» bolýar (2 Kor. 5:20; Res. iş. 16:14). Ol hiç kimi hakykaty kabul etmäge mejbur etmeýär. Emma biz Mukaddes Ýazgylary ulanyp gürrüňdeş bolsak, Ýehowa adamlara öz soraglaryna jogap tapyp bolýandygyna ýa-da dogalarynyň eşidilýändigine düşünmäge kömek edip bilýär. Şu zatlary göz öňünde tutup, her gezek adam bilen okuw geçireniňizde, Ýehowadan görkezme we kömek soraň (1 Ýyl. 29:18, 19; Efes. 1:16—18).