Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 49 sah. 255—sah. 257 abz. 3
  • Degerli subutnamalar getirmek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Degerli subutnamalar getirmek
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Aýatlary okamazdan öň giriş sözlerini aýtmak
    Wagyz mekdebi
  • Aýatlary dogry ulanmak
    Wagyz mekdebi
  • Diňleýjiler üçin peýdaly maglumaty ulanmak
    Wagyz mekdebi
  • Mukaddes Ýazgylardan yzarlamaga höweslendirmek
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 49 sah. 255—sah. 257 abz. 3

49-NJY SAPAK

Degerli subutnamalar getirmek

Munuň üçin näme etmeli?

Aýdýan zatlaryňyzy tassyklamak üçin ynandyryjy delilleri getirmeli.

Bu näme üçin wajyp?

Eger diňleýjiler siziň aýdýan zatlaryňyzyň hakykatdygyna göz ýetirmeseler, olar size ynanmaz we aýdylan zatlara görä hereket etmez.

BIR zat gürrüň bereniňizde, diňleýjiler size şeýle soraglary bermegi mümkin: «Bu näme üçin şeýle? Men aýdylan zatlar bilen näme üçin ylalaşmaly?» Siz, mugallym hökmünde şeýle soraglara jogap bermäge ýa-da olaryň jogabyny tapar ýaly, diňleýjilere kömek etmäge borçlusyňyz. Eger siziň aýdan pikiriňiz wajyp bolsa, onda diňleýjiler ony kabul edip biler ýaly, degerli subutnamalary getiriň. Şonda siziň çykyşyňyz ynandyryjy bolar.

Pawlus resul ynamly gepleýärdi. Ol degerli subutnamalaryň hem-de paýhasly pikir alyşmagyň kömegi bilen adamlaryň pikirini we garaýşyny özgertmäge çalyşýardy. Ol bize gowy görelde galdyrdy (Res. iş. 18:4; 19:8). Emma käbir dilewar adamlar başgalary aldamak we ters ýola salmak üçin ynamly gepleýärler (Mat. 27:20; Res. iş. 14:19; Kol. 2:4). Olar nädogry çaklamalara, ygtybarsyz maglumatlara salgylanýarlar, esassyz subutnamalary ulanyp, öz garaýşyna gabat gelmeýän delilleri ret edýärler ýa-da düşünjä däl-de, duýga esaslanyp gepleýärler. Biz şeýle usullary ulanmakdan gaça durmaly.

Hudaýyň Sözüne esaslanan deliller. Biz tälim berenimizde özümizden goşup aýtmaly däl. Biz adamlara Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlarymyzy gürrüň bermäge çalyşýarys. Bu babatda bize sadyk hem akylly hyzmatkäriň taýýarlan ençeme edebiýatlary köp kömek edýär. Olar bizi Ýazgylary çuňňur özleşdirmäge höweslendirýär. Biz adamlaryň ünsüni Mukaddes Ýazgylara çekenimizde, öz dogrulygymyzy subut etjek bolman, gaýtam, bu kitapda näme ýazylandygyny olaryň bilmeklerini isleýäris. Biz Isa Mesihiň: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýip, Atasyna doga eden sözleri bilen ylalaşýarys (Ýahýa 17:17). Gögi hem ýeri ýaradan Ýehowa Hudaýdan başga hiç kimde uly ygtyýar ýokdur. Şol sebäpli getirýän subutnamalarymyzyň degerli bolmagy üçin Hudaýyň Sözüne esaslanmaly.

Käte biz Mukaddes Ýazgylary bilmeýän ýa-da ony Hudaýyň Sözi hasaplamaýan adamlar bilen gürrüňdeş bolýarys. Şeýle ýagdaýda Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okanymyzda, ony haçan we nädip okamalydygyny bilmek üçin düşgürlik gerek. Emma biz adamyň ünsüni, mümkin boldugyndan, çaltrak bu ygtybarly kitaba çekjek bolmaly.

Degerli delil getirmek üçin tema degişli aýady okamak ýeterlikli bolarmy? Ýok, munuň ýeterlikli bolmazlygy mümkin. Aýdýan zatlaryňyzy tassyklamak üçin aýadyň kontekstine üns bermeli bolarsyňyz. Eger siz diňleýjileriň ünsüni aýatdaky prinsipe çekjek bolsaňyz, emma onuň konteksti tema degişli bolmasa, onda köpräk delil getirmeli bolar. Diňleýjiler siziň sözleriňiziň Mukaddes Ýazgylara doly esaslanýandygyny görer ýaly, tema degişli başga-da aýatlary getirmeli.

Nämedir bir zady tassyklamak üçin, ony subut etmeýän aýady getirmekden ägä boluň. Aýady ünsli okaň. Ähtimal, onuň gürrüň edýän temaňyz bilen diňe bir umumy baglanyşygy bardyr. Ýöne delil hökmünde getirýän aýadyňyz diňleýjileri ynandyrar ýaly, ol siziň sözleriňizi tassyklaýandygyny aýdyň görkezmeli.

Goşmaça deliller. Kä ýagdaýlarda Mukaddes Ýazgylardan başga-da ygtybarly maglumatlara salgylanmak peýdaly bolup biler. Bu adamlara Ýazgylardaky aýdylan zatlaryň paýhaslydygyna düşünmäge kömek eder.

Älemdäki göze görünýän zatlar arkaly Ýaradyjynyň bardygyny subut edip bolýar. Meselem, siz adamyň ünsüni ýeriň dartyş güýjüne çekip, tebigatyň kanunlary arkaly Kanun berijiniň bardygy hakda pikir alşyp bilersiňiz. Eger getirýän subutnamalaryňyz Hudaýyň Sözüne laýyk gelse, siziň sözleriňiz ynandyryjy bolar (Eýýup 38:31—33; Zeb. 19:1; 104:24; Rim. 1:20). Şeýle subutnamalar peýdaly bolup biler, sebäbi olar Mukaddes Ýazgylarda aýdylanlar bilen göze görünýän zatlaryň gabat gelýändigini görkezýär.

Eger siz kimdir birine Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine düşünmäge kömek etmeli bolsaňyz näme? Bu babatda alymlaryň sözlerine salgylansa bolar, ýöne olar siziň aýdýan zatlaryňyzy tassyklarmy? Bu usul diňe alymlara hormat goýýan adamlara täsir edip biler. Siz ylmy işler arkaly Mukaddes Ýazgylaryň hakykatdygyny subut edip bilersiňizmi? Eger siz bikämil alymlaryň pikirlerini ygtybarly edip görkezseňiz, onda getirýän delilleriňiziň «düýbi berk» bolmaz. Emma Mukaddes Ýazgylaryň hakykatdygyny tassyklamak üçin, ilki, Hudaýyň Sözüne salgylanyp, soňra ylmy açyşlary ulansaňyz, subutnamalaryňyz berk esasly bolar.

Siz nämäni subut etmeli bolsaňyz-da, getirýän delilleriňiz ýeterlikli bolmaly. Olaryň sany diňleýjileriňize bagly bolar. Aýdaly, siz 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlarda aýdylýan soňky günler barada gürrüň edýärsiňiz. Şonda siz adamlaryň «doňýürekdigini», ýagny adaty garyndaşlyk duýgularynyň ýetmezçilik edýändigini görkezmek üçin täzeliklerden hemmelere mälim bolan habary ulanyp bilersiňiz. Soňky günleriň alamatynyň ýerine ýetýändigini görkezýän bir mysal getirseňiz ýeterlikli bolar.

Köplenç, umumy meňzeşligi bolan iki zady deňeşdirmek usuly hem peýdaly bolup biler. Bu usul temany tassyklamak üçin ulanylmasa-da, pikiriň paýhaslydygyny görmäge kömek eder. Ýöne onuň dogrudygyny Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlar bilen barlamaly. Meselem, Hudaýyň Patyşalygynyň hökümetdigini düşündirmek üçin ynsan hökümeti ýaly onuň hem ýolbaşçylarynyň, raýatlarynyň, kanunlarynyň, kazyýet sistemasynyň we bilim ulgamynyň bardygyny aýdyp bilersiňiz.

Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlary ulanmagyň paýhaslydygyny görkezmek üçin, köplenç, durmuşda bolan wakalary gürrüň berse bolýar. Şeýle-de aýdýan zatlaryňyzy tassyklamak üçin öz mysalyňyzy getirip bilersiňiz. Aýdaly, siz adama Mukaddes Ýazgylary okamagyň we ony çuňňur özleşdirmegiň wajypdygyny görkezmek isleýärsiňiz. Şonda siz bu zatlaryň öz durmuşyňyza eden täsiri barada gürrüň berip bilersiňiz. Petrus resul mesihçi doganlary ruhlandyrmak üçin Isanyň görnüşiniň üýtgändigini öz gözi bilen görendigini gürrüň beripdi (2 Pet. 1:16—18). Pawlus resul hem başdan geçiren wakalary barada aýdypdy (2 Kor. 1:8—10; 12:7—9). Emma adamyň ünsüni özüňize çekmez ýaly, özüňiz barada köp gürrüň bermeli däl.

Adamlaryň alan terbiýesi we pikirlenişi dürli-dürli bolýar. Şol sebäpli birini ynandyran subutnama başga birine täsir etmezligi mümkin. Şoňa görä-de, nähili delil getirmelidigi we ony nädip ulanmalydygy hakda oýlananyňyzda, diňleýjileriň garaýşyny göz öňünde tutmaly. Süleýmanyň tymsallary 16:23-de şeýle diýilýär: «Akyldar adamyň ýüregi onuň agzyny paýhasly edýändir, onuň dodaklaryna bilim goşýandyr».

DEGERLI SUBUTNAMALAR GETIRMEK ÜÇIN

  • Pikiriň wajyplygyny tassyklar ýaly, ony ýöne bir aýtman, eýsem, ynandyryjy delil getirmeli.

  • Getirilen deliller Mukaddes Ýazgylara doly esaslanmaly.

  • Goşmaça subutnamany getireniňizde, goýan maksadyňyzy we diňleýjileriň zerurlyklaryny göz öňünde tutmaly.

GÖNÜKME 1) Siziň düşünýän diliňizde «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» kitaby bar bolsa, onuň «Isa Mesih» diýen sözbaşysyny açyň. Soraglara Mukaddes Ýazgylaryň esasynda nähili jogap berilýändigine üns beriň. 2) «Garawul diňi» ýa-da «Oýanyň!» žurnallaryndan bir tema degişli giriş makalalary okap, özleşdiriň. Ondaky seredilýän esasy bölümleriň birnäçesini saýlaň. Mukaddes Ýazgylardan getirilen esasy aýatlaryň aşagyny çyzyň we olary tassyklaýan delilleri bellik ediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş