HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 5—7
Olar Hudaýyň islegini ýerine ýetirmegi bes etdiler
Ýermeýa pygamber ysraýyllylaryň günälerini we ikiýüzlüligini mertlik bilen paş etdi.
Ysraýyllylar Ýehowanyň ybadathanasy barka hiç hili howp abanmaz diýip pikir etdiler.
Ýehowa halka günä etmegi dowam etse, berýän gurbanlyklary erbet işleriniň üstüni ýapmajakdygyny aýtdy.
Oýlanyp görüň: Men Ýehowanyň isleýşi ýaly gulluk edýändigime hem-de ony göz üçin etmeýändigime nädip göz ýetirip bilerin?
Ýermeýa pygamber Ýehowanyň öýüniň derwezesinde dur