HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 12—16
Ysraýyllylar Ýehowany unutdy
Ýermeýa pygambere Ýehowanyň Ýahudanyň we Iýerusalimiň halkynyň tekepbirligini aýyrjakdygyny görkezýän kyn ýumuş tabşyrylypdy.
Ýermeýa pygamber zygyrdan edilen guşak satyn aldy
Biliňe daňylýan guşak, Ýehowa bilen Ysraýyl halkynyň arasyndaky dostlukly gatnaşygy aňladýardy.
Ýermeýa pygamber guşagy Perat derýasyna alyp gitdi
Ol ony gaýanyň çat açan ýerinde gizläp, soňra Iýerusalime dolandy.
Ýermeýa pygamber guşagy gazyp almak üçin ýene-de Perat derýasyna bardy
Guşak çüýräpdi.
Ýermeýa pygamber ýumşy ýerine ýetirensoň, Ýehowa oňa tabşyrygy näme üçin berendigini düşündirdi
Ýermeýa pygamberiň ýönekeý ýaly bolup görünýän ýagdaýlarda-da gulak asmagy bilen Ýehowa halka wajyp hakykaty aýdyň düşündirdi.