MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
«Ýehowa saňa batyrgaý bolmaga kömek eder»
Sen mekdepde okaýan bolsaň, Ýehowanyň Şaýadydygyňy aýtmaga we wagyz etmäge ýaýdanýarmyň? Ýaýdanýan bolsaň, «batyrgaýlyk» bilen geplemäge saňa näme kömek eder? (1Sl 2:2). Eýsem, sen näme üçin wagyz etmeli? «Ýehowa saňa batyrgaý bolmaga kömek eder» diýen multfilmi göreniňizden soň, aşakdaky soraglara jogap beriň:
Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysal Aýna batyrgaý bolmaga kömek etdi?
Aýnanyň öňünden taýýarlanmagy oňa nähili peýda berdi?
Sen klasdaşlaryňa näme üçin wagyz etmeli?
Sen mekdebi gutaran bolsaň, multfilmden nähili sapak edinip bilersiň?