«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
MAÝ 7—13
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MARKUS 7, 8
«Jebir pürsüňizi alyp, yzyma düşüň»
nwtsty Mr 8:34-e degişli maglumat
Özünden geçsin: Ýa-da «isleginden geçsin». Bu adamyň öz isleg-arzuwlaryndan höwes bilen geçmäge taýyndygyny ýa-da özüni Hudaýyň eline tabşyrýandygyny görkezýär. Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda ulanylýan grek jümlesi «ol özüne „ýok“ diýmeli» diýen manyny berýär. Sebäbi adam öz isleglerinden, maksatlaryndan ýa-da öwrenişen zatlaryndan geçmeli boýar (2 Kor. 5:14, 15). Hoş habarçy Markus hem Petrusyň Isadan ýüz öwürendigi barada aýdanda, şol bir grek jümlesini ulanýar (Mar. 14:30, 31, 72).
w92 1/8 sah. 17, abz. 14
Siz ýaşaýyş ýolunda nädip ylgaýarsyňyz?
14 Isa Mesih şägirtlerine we beýleki adamlara şeýle diýdi: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de (ýa-da «özüne „ýok“ diýsin» Charles B. Williams), jebir pürsüni alyp, yzyma düşsün» (Mar. 8:34). Biz Isanyň çakylygyny kabul edenimizde, muny «hemişe» etmäge taýyn bolmaly. Ýöne özüňden geçmekligiň aýratyn bir sylagy bolandygy üçin däl-de, eýsem, goýberen ýalňyşlygyň, ýagny ýekeje akylsyz hereketiň bar eden tagallaňy biderek edip, hatda ebedi gelejegiňe zyýan ýetirip bilýär. Adam ruhy taýdan kem-kemden ösýär. Emma seresap bolmasak, bar zady birden ýitirip bileris.
w08 15/10 sah. 25, 26, abz. 3, 4
Ebedi ýaşamak üçin siz nämeden geçmäge taýyn?
3 Isa şägirtlerine oýlandyryjy iki sorag berdi: «Adam bütin dünýäni gazanyp, öz janyny ýitirse, munuň näme peýdasy bar? Ol ähli zadyny berip-de, janyny halas edip bilermi näme?» (Markus 8:36, 37). Isanyň beren birinji soragy adamlaryň garaýşyny görkezýärdi. Adam bütin dünýäni gazanyp-da, janyny ýitirse, munuň hiç hili peýdasy ýokdur. Sebäbi diňe diri adamlar emlägini ulanyp bilýär. Isanyň: «Ol ähli zadyny berip-de, janyny halas edip bilermi näme?» diýen ikinji soragy adamlara Eýýubyň günlerinde Şeýtanyň: «Jany üçin adam hemme zadyny berer» diýen sözlerini ýatladan bolmaly (Eýýup 2:4). Bu sözler Ýehowa gulluk etmeýän adamlaryň köpüsine dogry bolup görünmegi mümkin. Köp adamlar janyny halas etmek üçin ähli zada taýýar bolýarlar, hatda ynanýan zadyndan hem dänip bilerler. Emma mesihçileriň garaýşy düýbünden tapawutlanýar.
4 Bu zalym dünýäde Isanyň bize saglyk, baýlyk we uzak ömür bermek üçin ýer ýüzüne gelmändigini bilýäris. Ol bize täze dünýäde ebedi ýaşamak mümkinçiligini sowgat berdi we biz ony gymmat saýmaly (Ýahýa 3:16). Isanyň birinji soragyna mesihçi şeýle düşünýär: «Bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, ebedi ýaşaýyş umydyny ýitirse, oňa näme peýdasy bolar?» Hiç hili peýda bolmaz (1 Ýahýa 2:15—17). Isanyň ikinji soragyna jogap bermek üçin, özümize şeýle sorag bermeli: «Men täze dünýäde ebedi ýaşamak üçin, nämeden geçmäge taýyn?» Bu soragyň jogabyny nähili ýaşaýandygymyz bilen görkezýäris, bu bolsa ýüregimizdäki umydymyzyň berkligini aýan edýär (Ýahýa 12:25-i deňeşdiriň).
Ynsan ogly kim?
Dogrudan-da, Isanyň mynasyp şägirdi bolmak üçin, olar batyrgaý bolmalydylar we janyny gaýgyrmaly däldiler. Isa şeýle diýýär: «Kim şu zynahor, günäli nesliň arasynda meniň şägirdimdigine we meniň sözlerimden utansa, Ynsan ogly-da mukaddes perişdeleri bilen bilelikde Atasynyň şöhraty bilen gelende, oňa şägirdim diýmäge utanar» (Markus 8:38). Hawa, Isa gelende, «erbet iş edýänleri jezalar, ýagşy iş edýänleri bolsa sylaglar» (Matta 16:27).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Okyjylaryň sowallary
Isanyň duşmanlary näme üçin eliňi ýuwmak baradaky meseläni orta atdylar?
▪ Dini ýolbaşçylar Isany we onuň şägirtlerini hemişe günäkärlemäge çalyşýardylar. Musa pygambere berlen kanunda arassaçylyk babatda ençeme tabşyryklar bardy. Meselem, heýwere keselli adamlara, adamyň ýa haýwanyň jesedine galtaşan, suwuklyk ýa-da gan akmasy bolan adam arassaçylygy berjaý etmelidi. Munuň üçin ol ýuwunmalydy, mal gurbanyny getirmelidi ýa-da onuň ganyny sepmelidi (Lew. 11—15 we San. 19-njy baplar).
Ýehudy dini ýolbaşçylary ýokarda agzalan kanunlara jikme-jik eýermegi talap edýärdiler. Bir kitapda aýdylmagyna görä, adamyň haýsy sebäbe görä hapalanandygy birin-birin anyklanylýardy. Meselem, «ol nädip hapalandy, başgalara nädip geçip biler, olara näçeräk zyýan ýetirer, haýsy gap-gaçlar ýa zatlar hapalanyp biler we olary nädip arassalamaly».
Bir gezek Isanyň duşmanlary: «Näme üçin seniň şägirtleriň ata-babalarymyzyň däp-dessuryny berjaý etmän, hapa elleri bilen nahar iýýärler?» diýdiler (Mar. 7:5). Aslynda, ýehudy dini ýolbaşçylary şeýle diýmek bilen, arassaçylygy berjaý etmegi däl-de, adamlaryň oýlap tapan, ýagny nahar iýmezden öň eliňe suw akytmak däbini göz öňünde tutýardylar. Ýokarda agzalan kitapda şeýle diýilýär: «Mundan başga-da suwy haýsy gap bilen akytmalydygyny, suwuň nähili bolmalydygyny, suwy eliň niresine çenli we kimiň akytmalydygyny çözmelidi».
Isa adamlaryň oýlap tapan düzgünleriniň möhüm däldigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol I asyrdaky ýehudy dini ýolbaşçylara şeýle diýdi: «Eý ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda şu sözleri örän ýerlikli aýdypdyr: „Bu adamlar maňa diňe dilinde sarpa goýýarlar, emma ýürekleri menden (Ýehowadan) gaty uzaklaşdy. Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler“. Siz Hudaýyň tabşyrygyndan el çekip, adamlaryň däp-dessurlaryna berk ýapyşýarsyňyz» (Mar. 7:6—8).
w00 15/2 sah. 17, 18, abz. 9—11
Siz «Mesih... ýaly pikirlenýärsiňizmi»?
9 Ol adam ker we zordan gürleýärdi. Isa onuň biynjalyk bolýandygyny we utanýandygyny duýan bolmaly. Şonuň üçin ol ýaňky adamy bir gyra çekýär-de, näme etjek bolýandygyny görkezýär. Isa «barmaklaryny ol adamyň gulaklaryna goýup, tüýkürýär-de, elini onuň diline degirýär» (Markus 7:33). Soňra göge bakyp, uludan demini alýar. Şeýtmek bilen, Isa oňa: «Seniň üçin edýän zatlarymy Hudaýyň beren güýji arkaly edýärin» diýen ýalydy. Soňra ol: «Effafa», ýagny «açyl» diýýär (Markus 7:34). Şonda ol adamyň gulagy açylyp, arkaýyn gürläp başlaýar.
10 Isa adamlara örän ünsli garaýardy we ýüregi awaýardy. Bu bolsa ony adamlaryň duýgularyny göz öňünde tutmaga höweslendirdi. Biz, mesihçiler Isadan görelde alyp, «Mesihiň pikir edişi ýaly pikirlenmäge» jan etmeli. Mukaddes Ýazgylarda: «Ähliňiz pikirdeş, duýgudaş, rehimdar, pesgöwünli boluň we biri-biriňize doganlyk söýgiňiz bolsun» diýip maslahat berilýär (1 Petrus 3:8). Bu geplänimizde ýa-da bir zat edenimizde başgalaryň duýgusyny göz öňünde tutmalydygyny görkezýär.
11 Biz ýygnakda dogan-uýalaryň özümize näme etmegini isleýän bolsak, olara-da şony edip duýgusyny göz öňünde tutýandygymyzy görkezýäris (Matta 7:12). Munuň üçin aýtjak zadymyza we ony nädip aýdýandygymyza ünsli bolmaly (Koloslylar 4:6). Aýdýan sözlerimiziň başgalara «gylyjyň sanjylyşy ýaly» täsir edip bilýändigini unutmalyň (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Muňa maşgalada nädip eýerip bilersiňiz? Biri-birini ýürekden söýýän är-aýal birek-biregiň duýgusyny göz öňünde tutýar (Efesliler 5:33). Olar biri-birine göwne degiji sözleri aýtmaýarlar, tankytlamaýarlar we şübhelenmeýärler. Sebäbi bu zatlar adamyň ýüregine bitmejek ýara salýar. Çagalaram duýgur bolýar. Şonuň üçin söýýän ene-atalar çagalarynyň duýgularyny göz öňünde tutýar. Hatda ene-atalar gerek mahaly çagalaryna düzediş berende hem, olaryň mertebesine hormat goýýar we utandyrmaýarlar (Koloslylar 3:21). Başgalaryň duýgusyny göz öňünde tutsak, «Mesih... ýaly pikirlenýändigimizi» görkezeris.
MAÝ 14—20
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MARKUS 9, 10
«Imanyňy berkidýän görnüş»
w05 15/1 sah. 12, abz. 9, 10
Isanyň Mesihdigini görkezýän pygamberlikler
9 Isanyň özüniň Mesihdigi barada subutnama getirendigine bir ýyldan gowrak wagt geçipdi. B. e. 32-nji ýylynda bolan Pasha baýramyndan soň, Isa iman edýän adamlaryň köpüsi yzarlamalar, baýlyga bolan höwesi ýa-da ýaşaýşyň gaýgylary sebäpli, onuň yzyna eýermegini bes edipdiler. Başgalar bolsa Isa patyşa bolmakdan ýüz öwürendigi üçin lapykeç bolandyr. Ýehudy dini ýolbaşçylary dawalaşjak bolanda, Isa gökden alamat görkezip, özüni şöhratlandyrmakdan ýüz öwrüpdi (Matta 12:38, 39). Bu käbirleriniň başyny çaşyryp bilerdi. Mundan başga-da, Isa şägirtlerine «özüniň Iýerusalime gidip, ýehudy ýolbaşçylarynyň, uly ruhanylaryň we kanunçylaryň elinden köp ejir çekmelidigini, soňra öldürilmelidiginni» aýdyp, kyn zatlary düşündirip başlaýar (Matta 16:21—23).
10 Ýene 9, 10 aýdan Isanyň «Atasynyň ýanyna dolanmaly sagady gelmelidi» (Ýahýa 13:1). Ol wepaly şägirtleri hakda ýürekden aladalanyp, olaryň käbirine ýehudylara görkezmedik alamatyny, ýagny gökden alamat görkezjekdigini wada berýär. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, şu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan oglunyň Patyşalygynda gelşini görmän ölümi asla datmaz» diýýär (Matta 16:28). Elbetde, ol 1914-nji ýylda Patyşalyk tagtyna geçýänçä, käbir şägirtleriniň ýaşajakdygyny göz öňünde tutmaýardy. Isa 3 resulyna gökdäki Patyşalygynyň şöhratyny görkezmek isleýärdi. Mesihiň şöhratyny aýan edýän bu täsin görnüş Isanyň daş keşbiniň özgermegi diýip hem atlandyrylýar.
w05 15/1 sah. 12, abz. 11
Isanyň Mesihdigini görkezýän pygamberlikler
11 Şondan 6 gün geçensoň, Isa Petrusy, Ýakuby we Ýahýany ýanyna alyp, bir beýik daga çykýar. Ol Hermon dagy bolan bolmaly. Şol ýerde «olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi özgerdi. Onuň ýüzi Gün ýaly şöhle saçýardy, egin-eşigi bolsa göwher daşy kimin öwşün atýardy». Soňra Musa bilen Ylýas pygamber peýda bolup, Isa bilen gepleşip başlaýar. Görnüş hakykatdan-da bolýan ýalydy. Şonuň üçin Petrus hatda Isa, Musa we Ylýas üçin çadyr gurmagy teklip edýär. Emma Petrus gepläp durka, olary ak bulut gurşap alýar we bulutdan: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen ses eşidilýär (Matta 17:1—6).
nwtsty Mr 9:7-ä degişli maglumat
Ses: Ýehowanyň adamlara ýüzlenendigini görkezýän Injilde agzalýan üç wakanyň ikinjisi (Mr 1:11; Ýah 12:28-nji aýatlara degişli maglumatlara serediň).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Markusyň hoş habaryndan peýdaly pikirler
10:6—9. Hudaý är-aýalyň bile ýaşamagyny isleýär. Şol sebäpli är-aýal kynçylyklaryny aýrylyşmak bilen çözmän, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ulanmaga çalyşmaly we nikasyny berkitmeli (Mat. 19:4—6).
nwtsty Mr 10:17, 18-e degişli maglumatlar
Ýagşy mugallym: Şol adam bu sözleri Isa ýaranmak üçin we ýöne bir titul hökmünde aýdan bolmaly. Sebäbi şol döwür dini ýolbaşçylara köplenç şeýle sözler bilen ýüzlenýärdiler. Isa özüne «Mugallym» we «Halypa» (Ýah 13:13) diýmeklerine garşy bolmasa-da, ol bar şöhraty Atasyna gönükdirýärdi.
Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir: Isa nämäniň ýagşydygyny we ýamandygyny çözmäge diňe Ýehowanyň doly hakynyň bardygyna düşünýärdi. Adam ata bilen How ene ýagşy we ýamany bilmek agajynyň miwesinden iýip, bu ygtyýary özlerine aljak boldular. Hudaý öz Sözünde käbir tabşyryklary ýazdyryp, nämäniň ýagşydygyny görkezdi we kesgitledi (Mr 10:19).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w04 15/5 sah. 30, 31
Isa Mesih: «Baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden, düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi aňsatdyr» diýdi. Isa bu mysalda göni manydaky düýäni we iňňäni göz öňünde tutdumy?
Bu mysal Mukaddes Ýazgylaryň üç aýadynda duş gelýär we birmeňzeş sözler ulanylýar. Meselem, Mattanyň hoş habarynda Isa şeýle diýýär: «Baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden, düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi aňsatdyr» (Matta 19:24). Markus 10:25-de hem edil şol sözleri okaýarys.
Käbir golýazmalarda «iňňäniň gözi» diýlende, Iýerusalimdäki uly däl-de, kiçi derwezeler göz öňünde tutulýar. Gijesine uly derwezeler ýapylanda, kiçi derwezeler açyk galyp bilýärdi. Şolardan hem düýeler geçen bolmaly diýip çaklanylýar. Ýöne Isa mysalynda şuny göz öňünde tutdumy?
Elbetde, ýok. Bu ýerde Isa göni manydaky iňňe barada aýdan bolmaly. Sebäbi şol ýerden tapylan gadymy iňňeler süňkden we metaldan bolup, öýlerde tikin tikmek üçin ulanylypdyr. Luka 18:25-nji aýadyň asyl nusgasyndaky sözler hem munuň şeýledigini görkezýär. Onda «tikin iňňesiniň gözi» diýip ýazylypdyr.
Sözlükleri düzýän adamlaryň käbiri munuň bilen ylalaşýar. Matta 19:24 we Markus 10:25-nji aýatlardaky grekçe rafis, ýagny «iňňe» sözi «tikmek» diýen işlikden gelip çykýar. Luka 18:25-däki weloni diýen grek sözi bolsa göni manydaky hirurgiýa iňňesini aňladýar. Bir sözlükde şeýle diýilýär: «„Iňňäniň gözi“ — kiçi derwezäni aňladýar diýen pikir ýaňy-ýakynda dörän bolmaly. Gadymy döwürde bu jümläniň şeýle manyda ulanylandygy barada hiç hili subutnama ýok. Halypamyzyň aýtmagyna görä, „iňňe“ sözüniň ýönekeý iňňäni däl-de, başga zady aňladýar diýip pikir etmek mümkin däl we onuň manysyny üýtgetmegiň hiç hili zerurlygy ýok» («Vine’s Expository Dictionary of Old and New Testament Words» 1981 ýyl, 3-nji tomuň 106-njy sahypasy).
Käbirleriniň aýtmagyna görä, bu aýatdaky «düýe» diýip terjime edilen grek sözi «ýüp» diýlip terjime edilmeli. Aslynda, «ýüp» (kamilos) we «düýe» (kamelos) diýen grek sözleri biri-birine gaty meňzeş. Emma käbir gadymy grek golýazmalarynda (meselem, Sinaý kodeksi, Watikan kodeksi 1 209 we Aleksandriýa kodeksinde) Matta 19:24-de «ýüp» däl-de, «düýe» diýen söz ulanylypdyr. Matta hoş habaryny başda ýewreý dilinde ýazyp, soňra ony grek diline terjime eden bolmaly. Şol sebäpli ol Isanyň näme hakda aýdandygyny anyk bilýärdi we dogry sözleri ulandy.
Diýmek, Isa göni manydaky iňňäni we düýäni göz öňünde tutupdy. Ol bu aýdyň mysaly nämedir bir zadyň mümkin däldigini görkezmek üçin ulandy. Ýöne Isa baý adamlaryň hiç biriniň Hudaýyň Patyşalygyna girmejekdigini aýtdymy? Ýok. Sebäbi Isa aýdýan sözlerine adamlar göni manyda düşüner diýip pikir etmeýärdi. Ol bu ýerde giperbolany (bir zady ulaldyp aýtmak) ulanyp, düýäniň göni manyda iňňäniň gözünden geçip bilmeýşi ýaly, ünsüni Ýehowanyň islegine däl-de, baýlygyna gönükdirýän baý adamyň hem Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmejekdigini görkezdi (Luka 13:24; 1 Timoteos 6:17—19).
Isa bu sözleri baý ýaş ýigdiň onuň yzyna eýermek mümkinçiliginden ýüz öwren wagty aýdypdy (Luka 18:18—24). Dogrudan-da, eger baý adam emlägini ruhy baýlykdan has köp söýse, Patyşalygyň berjek ebedi ýaşaýyş sylagyna umyt edip bilmez. Muňa garamazdan, Isanyň şägirtleriniň arasynda baý adamlar hem bardy (Matta 27:57; Luka 19:2, 9). Diýmek, ruhy zerurlygyna düşünip, Hudaýdan kömek soraýan baý adamlar hem Onuň berjek gutulyşyna eýe bolup bilýär (Matta 5:3; 19:16—26).
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
«Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn»
nwtsty Mr 10:4-e degişli maglumatlar
Talak haty: Ýa-da «nikanyň kanun taýdan bozulandygyny görkezýän şahadatnama». Aýaly bilen aýrylyşmakçy bolýan erkek adamdan talak hatyny ýa-da kanuny resminama taýýarlamak talap edilýärdi. Şeýle-de ol ýaşulular bilen maslahatlaşmalydy. Şeýdip, Musanyň kanunyna laýyklykda, oňa şeýle wajyp karara täzeden seretmäge wagt berilýärdi. Kanunyň maksady aýrylyşmaklygyň öňüne almak we aýallara öz hukugyny kanun taýdan goramaga mümkinçilik bermekdi (Kant 24:1). Emma Isanyň günlerinde dini ýolbaşçylar aýrylyşmaklyga ýönekeý zat ýaly garaýardylar. I asyrda ýaşan taryhçy Iosif Flawiý fariseý we özi hem aýrylyşandy. Ol «islendik sebäbe görä aýrylyşmak bolýar (şeýle zatlar köplenç erkek adamlaryň arasynda bolýardy)» diýýärdi (Mt 5:31-e degişli maglumata serediň).
nwtsty Mr 10:11-e degişli maglumatlar
Aýaly bilen aýrylyşyp: Ýa-da «aýalyňy goýbermek». Markusyň hoş habaryndaky Isanyň bu sözlerine Mt 19:9-daky «zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp» diýen sözler has aýdyň düşünmäge kömek edýär (Mt 5:32-ä degişli maglumata serediň). Markusdaky Isanyň aýrylyşmak barada aýdan sözleri «ahlaksyzlyk» (grekçe porneýa) sebäpli ýanýoldaşy biwepalyk eden adama degişli.
Öňki aýalyna garşy günä edýändir: Isa bu ýerde «erkek adam islendik sebäbe görä aýaly bilen aýrylyşyp bilýär» diýýän dini ýolbaşçylaryň öwretmesini inkär edýär (Mt 19:3, 9). Aýalyna garşy zyna etmek düşünjäni köp ýehudylar ýerliksiz hasaplaýardy. Sebäbi dini ýolbaşçylar «erkek adam zyna etse-de, aýalyna garşy hiç hili günä etmeýär» diýip öwredýärdi. Olar diňe aýal ärine biwepalyk edip biler diýýärdi. Isa erkek adamyň hem ýanýoldaşyna beren wadasynda durmaga borçludygyny aýdyp, aýallara hormat bildirdi we olaryň mertebesini beýgeltdi.
MAÝ 21—27
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MARKUS 11, 12
«Ol pul atan adamlaryň hemmesinden hem köp atdy»
nwtsty Mr 12:41, 42-ä degişli maglumatlar
Pul atylýan guty: Gadymy ýehudylaryň kitaplarynda aýdylmagyna görä, pul atylýan gutular turba ýa-da şah şekilli bolupdyr we olaryň kiçiräjik gapagy bolan bolmaly. Adamlar oňa dürli sowgatlary atýardy. Aýatda ulanylýan grek sözi Ýahýa 8:20-de hem duş gelýär we «pul atylýan ýer» göz öňünde tutulýar. Bu jümle aýallaryň howlusyndaky ýeri aňladýan bolmaly (Mt 27:6-a we B11-e degişli goşmaça maglumatlara serediň). Gadymy kitaplarda aýdylmagyna görä, şol howlynyň diwarynyň töwereginde 13 sany pul atylýan guty bolupdyr. Ybadathanada ýygnalan pullar saklanylýan uly jaý hem bolan bolmaly.
Ikije teňňe: Göni manyda «iki lepta». Bu aýatdaky grekçe «lepton» diýen söz köplük sanda ulanylyp, kiçi ýa-da ujypsyz diýen manyny berýär. Lepton 1, 128 dinara deň bolup, Ysraýylda ulanylan misden ýa-da bürünçden ýasalan iň kiçi pul birligi bolan bolmaly. («Lepton» we B14-e degişli maglumatlara serediň).
Iki sany pes hümmetli: Göni manyda «kodrant». Grekçe «ko-dranʹtes» sözi (latynça kodrant sözünden alnan) hümmeti 1, 64 dinara deň bolan misden ýa-da bürünçden ýasalan rim pul birligini aňladýar. Markus bu aýatda ýehudylaryň ulanan teňňesiniň hümmetini düşündirmek üçin rim puluny agzaýar (B14-e degişli goşmaça maglumata serediň).
w97 15/10 sah. 16, 17, abz. 16, 17
Ýehowa ýürekden gulluk edýän adamy gymmat saýýar
16 Bu wakadan birnäçe gün soň, ýagny 11-nji nisanda Isa uzakly gün ybadathanada bolýar; duşmanlar onuň ygtyýarynyň bardygyny şübhä goýýarlar. Isa olaryň salgyt tölemek, direliş we şuňa meňzeş zatlar baradaky soraglaryna garaşmadyk jogabyny berýär. Isa kanunçylary we fariseýleri «dul aýallaryň öýlerini talaýandyklary» üçin ýazgarýar (Markus 12:40). Soňra ol ýehudylaryň däbine görä, 13 sany pul atylýan guty ýerleşýän aýallaryň howlusynda oturan bolmaly. Isa adamlaryň şol ýerdäki gutulara pul atyşyny synlaýardy. Ol ýere köp baý adamlar hem gelýärdi, olaryň käbiri özlerini dogruçyl we başgalara ýagşylyk edýän adam ýaly görkezjek bolan bolmaly (Matta 6:2-ni deňeşdiriň). Bir aýal Isanyň ünsüni has-da özüne çekýär. Elbetde, bu aýala we beren sowgadynyň üýtgeşikdigine hiç kim üns bermedik bolsa gerek. Ýöne Isa adamyň ýüregini görýändigi üçin, onuň «dul aýaldygyny» we guta bary-ýogy «ikije teňňe» atandygyny bilýärdi (Markus 12:41, 42).
17 Şonda Isa şägirtlerini ýanyna çagyrýar. Sebäbi olara wajyp bir zady öwretmek isleýärdi. Isa olara: «Bu garyp dul aýal pul atan adamlaryň hemmesinden hem köp atdy» diýdi. Dogrudan-da, ol «barja zadyny», ýagny iň soňky puluny beripdi. Şeýdip, ol Ýehowa doly bil baglaýandygyny görkezdi. Isa beren sowgadynyň maddy taýdan hiç hili gymmaty bolmadyk bu aýaly mysal getirip, Ýehowanyň nähili sowgatlary gymmat saýýandygyny görkezdi. Hawa, dul aýalyň getiren sowgady Hudaý üçin juda gymmatlydy (Markus 12:43, 44; Ýakup 1:27).
w97 15/10 sah. 17, abz. 17
Ýehowa ýürekden gulluk edýän adamy gymmat saýýar
17 Şonda Isa şägirtlerini ýanyna çagyrýar. Sebäbi olara wajyp bir zady öwretmek isleýärdi. Isa olara: «Bu garyp dul aýal pul atan adamlaryň hemmesinden hem köp atdy» diýdi. Dogrudan-da, ol «barja zadyny», ýagny iň soňky puluny beripdi. Şeýdip, ol Ýehowa doly bil baglaýandygyny görkezdi. Isa beren sowgadynyň maddy taýdan hiç hili gymmaty bolmadyk bu aýaly mysal getirip, Ýehowanyň nähili sowgatlary gymmat saýýandygyny görkezdi. Hawa, dul aýalyň getiren sowgady Hudaý üçin juda gymmatlydy (Markus 12:43, 44; Ýakup 1:27).
w89 1/12 sah. 23, abz. 2
Siz gymmat saýýan zadyňyzy sowgat berýärsiňizmi?
Biz bu wakadan köp zatlary öwrenýäris. Olaryň iň wajyby bolsa, biziň ählimiz hakyky seždäni maddy taýdan goldap bilsek-de, Hudaý özümiz üçin wajyp bolan zatlarymyzdan geçýändigimizi has-da gymmat saýýar. Sebäbi biz oňa maddy zatlary bermänem gulluk edip bilýäris. Başgaça aýdanyňda, biz Hudaýa özümizden artan zatlarymyzy berýärismi ýa-da gymmat saýýan?
cl sah. 185, abz. 15
«Hudaýyň Sözündäki» akyldarlyk
15 Mukaddes Ýazgylarda şol gün ybadathana baran adamlaryň arasynda diňe dul aýalyň agzalmagy täsin dälmi näme? Bu waka bize Ýehowanyň örän minnetdar Hudaýdygyny görkezýär. Ol biziň ýürekden berýän sowgatlarymyzy gymmat saýýar we ony başgalaryňky bilen deňeşdirmeýär. Ýehowanyň muny aýan etmegi bize örän teselli berýär.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Mr 11:17-ä degişli maglumat
Ähli milletler üçin doga edilýän ýer: Işaýa 56:7-däki sözlere salgylanan üç hoş habarçynyň içinde diňe Markus «ähli milletler üçin» diýen sözleri ulanýar (Mt 21:13; Lk 19:46). Iýerusalimdäki ybadathana ysraýyllylar, şol sanda Ýehowa sežde we doga etmek üçin gelen gelmişekler üçin hem sežde edilýän ýer bolupdyr (1Pat 8:41—43). Isa ybadathanada söwda-satyk işleri bilen meşgullanyp, ony garakçylaryň mekanyna öwüren ýehudylary ýazgardy. Olaryň hereketi Ýehowanyň öýüne dileg etmäge we ony tanamaga gelen ähli milletden bolan adamlary hem gynandyrypdy.
Guran injir agajy arkaly berlen öwüt
Biraz wagtdan Isa şägirtleri bilen Iýerusalime baryp ýetýär. Ol endigine görä ybadathana girip, adamlara tälim berip başlaýar. Şonda uly ruhanylar we halkyň ýaşululary gelip, Isadan: «Sen bu zatlary kimiň güýji bilen edýärsiň? Saňa bulary etmäge kim ygtyýar berdi?» diýip soraýarlar (Markus 11:28).
MAÝ 28—IÝUN 3
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MARKUS 13, 14
«Adamdan gorkynyň duzagyna düşmekden seresap boluň»
Ol Halypasyndan bagyşlamagy öwrendi
14 Petrus resul seresaplyk bilen Isanyň yzyndan gidip, Iýerusalimdäki bir uly jaýyň derwezesiniň öňüne barýar. Bu barly, baş ruhany Kaýafanyň öýüdi. Köplenç şeýle jaýlar howlynyň daş-töwereginden salynýardy we öňünde derweze goýulýardy. Petrus derwezäniň ýanyna gelende, oňa girmäge rugsat bermeýärler. Ýahýa şägirt baş ruhanyny tanansoň, eýýäm howlynyň içine giripdi. Şonuň üçin ol derwezede duran hyzmatkäriň ýanyna baryp, Petrusy içerik salmagy haýyş edýär. Petrus Ýahýanyň ýanynda durmaga we Halypasyny goldamak üçin içeri girmäge hem ýaýdanan bolmaly. Ol Isa töhmet atmak üçin yzygider gelip-gidýän ýalan şaýatlary synlap, oduň başynda çoýunyp duran gullar we hyzmatkärler bilen howluda galýar (Mar. 14:54—57; Ýah. 18:15, 16, 18).
it «PETRUS» abz. 13
Petrus
Petrus resul yzyna düşüp giden ýa-da howla girmäge kömek eden başga bir şägirt bilen baş ruhanynyň öýüne barýar (Ýah 18:15, 16). Petrus garaňkyda bir burçda gizlenip durman, gaýtam, ýylynmak üçin oduň ýanyna barýar. Oduň ýagtysyna adamlar ony tanap, Isanyň ýanynda bolandygyna göz ýetirýärler. Onuň jelilelileriň dilinde geplemegi bolsa, şol adamlaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Olaryň aýyplamasyna garşy durup bilmän, Petrus hatda Isany tanamaýandygyna üç gezek ant içýär. Soňra eden işine gahary gelip, öz-özüni ýazgaryp başlaýar. Şäheriň bir ýerlerinden horaz ikinji gezek gygyranda, «Isa öwrülip, Petrusa seredýär». Şonda Petrus daşary çykýar-da, saklanyp bilmän möňňürip aglaýar (Mt 26:69—75; Mr 14:66—72; Lk 22:54—62; Ýah 18:17, 18; «ANT», «HORAZYŇ GYGYRMAGY»). Emma şondan biraz wagt öň, Isa Petrusyň imany gowşamaz ýaly gyzgyn doga edipdi. Isanyň eden dogasy jogapsyz galmady (Lk 22:31, 32).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Markusyň hoş habaryndan peýdaly pikirler
14:51, 52. «Ýalaňaç halda... gaçyp giden» ýigit kim? Bu waka barada diňe Markus gürrüň berýär, şol sebäpli ol özi barada aýdýar.
Isany Hannanyň, soňra Kaýafanyň ýanyna eltýärler
Ýehudylar özüne Hudaýyň Ogly diýen adamlary tüýt-müýt etmäge taýyndylar. Kaýafa-da muny bilýärdi. Meselem, Isa öň Hudaýyň öz Atasydygyny aýdanda, ýehudylar ol «özüni Hudaý bilen deňeýär» diýip, ony öldürjek bolupdylar (Ýahýa 5:17, 18; 10:31—39). Şonuň üçin Kaýafa bilgeşleýin Isadan: «Diri Hudaýdan ant iç. Bize aýt, sen Hudaýyň Ogly Mesihmi?» diýip soraýar (Matta 26:63). Elbetde, Isa bu sözlere garşy çykyp bilmez (Ýahýa 3:18; 5:25; 11:4). Eger ol soraga jogap bermese, onda Hudaýyň Ogludygyndan we Mesihdiginden ýüz öwürdigi bolardy. Şol sebäpli ol: «Hawa, men şol. Siz Ynsan oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gökdäki bulutlar bilen gelýänini görersiňiz» diýýär (Markus 14:62).